Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Immigrasiýa wizasy

Medisina barlagyny geçmek barada maglumat

ABŞ-na hemişelik gitmek üçin wiza ýüz tutýan adamlaryň hemmesi medisina barlagyny geçmelidirler. Barlaga barmazdan öň arzaçylara lukman bilen wagt bellemegi maslahat berýäriz.

ABŞ-nyň Immigrasiŷa we Raŷatlyk Gullugynyň täze tölegi barada mohǔm maglumat
2013-nji ŷylyň 1-nji fewralyndan başlap immigrasiŷa wizasyny alan hemme adamlar  ABŞ-nyň Immigrasiŷa we Raŷatlyk Gullugynyň 165 Amerikan dollary möçberde täze tölegi girizildi. Şu töleg ABŞ-a gitmezinden öň tölemelidir. Agzalan töleg aşakdaky sanalan adamlara degişli däldir: ABŞ-a barŷan ŷetimler oŷǔnden alynan ŷa-da Gaaga Konvensiŷasy laŷyklykda ogullyk/gyzlyk alynan çaga(lara); ABŞ-nyň hökǔmetine işlän, Yrakdan we Owganystandan bolan, we aŷratyn görnǔşli immigrasion wiza alan adamlara; yzyna gaŷdyp barŷan ABŞ-nyň hemişe ŷaşayjylaryna; we “K” görnǔşli wiza alan adamlara. Aşakdaky görkezilen internet sahypasy şol töleg barada göşmaça maglumat, hem-de ABŞ-nyň Immigrasiŷa we Raŷatlyk Gullugy bilen habarlaşmak ǔçin maglumat berilendir: www.USCIS.gov/immigrantfee

Ilçihananyň ygtyýarly lukmanynyň telefon belgisi hem salgysy aşakda gorkezilen. Barlaga geleň wagtynda her adam öz pasportyny, 3 sany suratyny hem-de öňki alynan sanjymlar barada güwanamalary getirmeli. Sanjymlar barada güwanama lukman üçin möhüm resminamalaryň biridir. ABŞ-nyň kanuny boýunça, ygtyýarly lukman, sanjymlaryň hemmesini alynandygyny güwä geçmelidir. Barlag geçmeli adam türkmençe ýa-da rusça bilmeýän bolsa, ýany bilen kämil ýaşyna ýeten terjimeçi bilen gelmelidir.

ABŞ-na hemişelik ýaşamaga wiza ýüz tutýan adamlaryň ýaşyna seretmezden, hemmesi lukman barlagyndan geçmelidirler. Rentgen arkaly geçirilýän inçe kesel barlagyny, hem-de serologiýa barlagyny 15 ýaşdan uly adamlar geçmelidirler. Käte bir ýagdaýlarda 15 ýaşa ýetmediklerden hem talap edip biliner. 

Köp halatlarda medisina barlagyň netijeleri hem-de rentgen barlagy (şol wagt hem diskde CD bolup biler), ýapylan hat bukjasynda ýüz tutan adama berilýär. Lukmanyň beren ýapyk hat bukjasyny açmaly däldir. Berilen barlag netijesini söhbetdeşlige getirmelidir. Biziň ygtyýarly lukmanymyz, ýa-da Kosulluk gullugynyň işgäri size aýratyn görkezme bermese, siz rentgen suratyny (ya-da diski CD) söhbetdeşlige getirmeli däl, ony ýanyňyz bilen ABŞ gideniňizde alyp gitmeli. Käbir halatlarda lukman barlagyň netijeleri göni Konsulluk Gullugyna-da iberilip biliner. 

Lukmançylyk barlagy iki hepdä golaý wagt alyp biler. Ol barlagy diňe aşakdaky görkezilen Ilçihananyň ygtyýarly lukmany geçirip biler. Başga lukmanlara barlag geçirmäge ygtyýar berilenok. Lukman barlagyny ABŞ-da geçip bolmaýar. Immigrasiýa wizasyna ýüz tutulanda doly lukman barlagynyň netijesi bolmasa, wiza berilmez.

Berilen netijäniň hiline görä möhleti 6 ýa-da 12 aý bolýar. ABŞ-na gidilen wagtynda lukman barlagyň nejiseniň möhleti gutarmadyk bolmaly. Netijäniň möhleti 6 aý bolan ýagdaýynda wiza hem 6 aýlyk berilýär.

Tölegleriň hemmesini barlaga gelen wagtyňyzda nagt tölemelidir. Amerikanyň Hökümeti barlagyň çykdaýjylaryny tölemeýär. Barlagda doldyrylýan hemme resminamalary ygtyýarly lukmanyň özi berýär.

Biziň ygtyýarly lukmanymyzyň maglumaty:

Lukman Arslan Kurbanoviç Nepesow
Ol ýök wagty onuň işini ýerine ýetirýän:
Lukman Timur Arslanoviç Nepesow.
Iş telefon belgisi: 993-12-436460
Mobil telefon belgisi: 993-65-853382
Elektron poçtasynyň salgysy: escortsos@mail.ru

Umumy medisina barlagy (lukmanyň seretmegi, rentgen etmek, serologic sifilis hem-de VIÇ keselleriniň barlagy) 150 amerikan dollaryndan köp bolmaly däldir. Daşyndan goşmaça sanjymlara goşmaça töleg talap ediler.    

ABŞ-nyň (9 FAM 42.66 Exhibit II) wiza kanuny esasynda su aşakdaky şertleri ýerine ýetirmelidir:

Wiza ýüz tutýan adamlaryň hemmesi soňky wagtda düşürilen 3 sany surat getirmeli. Surat getiren adamyňkydygyny lukman tarapyndan anyklanylýar. Onuň üçin ýüz tutýan adam ýany bilen hökman öz şahsyýetini anyklaýan resminama getirmelidir (passport ýa-da sürüjilik şahadatnamasyny). Bir suraty lukman biler gürüşeniňizde bermeli, hem-de şol surat DS-2053 (Medical Examination for Immigrant or Refugee Applicant) resminasyna berkidilýär. Galan iki suraty gan barlag nejisesine, hem-de rentgen barlag netijesine birikdirilýär.