Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
ABŞ-nyň raýatlary üçin hyzmatlar

Umumy maglumat

Aşgabatdaky ýerleşýän Konsullyk bölümi Türkmenistandaky ABŞ-nyň raýatlaryna hyzmatlaryň dürli görnüşini hödürleýär. Konsullyk bölümiň işgärleri amerikan diplomatlardan we Türkmenistanyň we Amerikanyň raýatlaryndan ybaratdyr. Olar size raýatlar üçin daşary ýurtlarda ýüze çykyp biläýjek meseleleriň birnäçe görnüşi  boýunça kömek edip bilerler.

Amerikanyň raýatlaryna hödürläp we ýerine ýetirip biljek hyzmatlarymyzyň görnüşlerine düşüner ýaly we Türkmenistanda saparyňyzyň dowamynda peýdaly bolup biljek maglumatlardan ybarat gollanmany size hödürleýäris. Bu gollanma diňe iňlis dilinde bardyr.

ABŞ-nyň ilçihanasy bilen amerikan raýatlary aşakdaky belgiler boýunça habarlaşyp bilerler:

1984-nji (öňki Puşkin) köçesiniň 9-nji jayy
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, 744000
Tel: (993-12) 94-00-45;
Faks: (993-12) 94-26-14
Elektron poçta salgysy: consularashgab@state.gov
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Internet salgysy: http://turkmenistan.usembassy.gov/
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Konsullyk edarasynyň Internet salgysy: http://travel.state.gov/

Konsullyk bölümi ABŞ-nyň raýatlarynyň işleri boýunça hepdäniň her iş güni, baýramçylyklardan beýleki günler, sagat günortan 2:00-dan 4:00-a çenli kabul edýär. Duşuşyk üçin wagt bellenilmelidir.

Garaşylmadyk hadysalar dörän ýagdaýynda 24 sagadyň dowamynda (993-12) 94-00-45 telefon belgisine jaň ediň (bu hadysa diňe ABŞ-nyň raýatlaryna degişli bolan ýagdaýynda jaň etmegiňizi haýyş edýäris).