Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Güwanama

Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada güwanama almak üçin tabşyrmaly maglumat

Immirgasiýa üçin ýüz tutýan adamlaryň hemmesi söhbetdeşlige gelenlerinde Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada güwanama getirmelidirler. Şol güwanama Türkmenistanda alty aýdan köp ýaşanlardan talap edilýär. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistan boýunça şol güwanamany almaga ýardam berip biler. Şol güwanamany soramak ücin şu aşakdaky görkezilen soraglara jogap berip elektron poçta arkaly biziň consularashgab@state.gov salgymyza hat ibermeli. Şol hat üsti bilen hem skanerden geçirilen immigrasiýa resminamalary talap edilýanligi barada güwanama ibermeli (Wiza merkezinden ýa-da ýuristden hat we şoňa meňzeş resminama bolmaly). 

Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi baradaky güwanamany almak üçin şu aşakdaky görkezilen maglumaty bize elektron hat arkaly ibermeli:

Familiýasy:

Ady, atasynyň ady:
 
Başga ulanylan atlary (durmuşa çykmaka familiŷasy):

Türkmenistanda ýaşan salgysy:

Immigrasiýa wizasyna ýüz tutjak ABŞ-nyň Ilçihanasynyň poçta salgysy: