Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Gerekli resminamalar
 
  • Resminamalaryňyzy söhbetdeşlik üçin taýynlaýan wagtyňyzda şu gözükdirmäni üns bilen okamagyňyzy we şoňa laýyklykda hereket etmegiňizi haýyş edýäris, sebäbi ol iň doly maglumaty öz içine alýar. 
  • Resminamalary söhbetdeşlik güni ýanyňyz bilen getiriň.
  • Çagalar. Eger ýanyňyz bilen çagalar hem gidýän bolsa (öýlenmedik/durmuşa çykmadyk, 21 ýaşyna ýetmedik), olaryň söhbetdeşlige gelmegi zerurdyr.
  • Aşakdaky sanalan resminamalar Siziň bilen gitmekçi bolýan maşgala agzalaryň ählisinden talap edilýär.
  • Terjimeler we kopiýalar. Resminamalaryň kopiýalaryny notariusda tassyklamaly däl. Terjimeler diňe resminamanyň asyl nusgasynyň rusça ýa-da türkmençe bolmadyk ýagdaýynda terjimäni tassyklamaly (mysal üçin, ukrain dilinden iňlis diline terjime edilen resminama tassyklanylýar, rusça ya-da türkmençeden iňlis diline terjime edilen resminama tassyklanylmaýar).
  • Konsullyk tölegi: tölegi her adam üçin aýratyn tölenilýär, çagalaryň tölegi ulylardan tapawutlanmaýar. (Grin Kard lotereýasy boýunça wizanyň tölegi 819 ABŞ dollary, maşgala agzasynyň birikme wizasynyň tölegi 404 ABŞ dollary). Tölegi diňe söhbetdeşlik güni konsullyk bölüminiň işgäriniň degişli görkezmesine laýyklykda tölenýär. Töleg diňe nagt we ABŞ dollarynda kabul edilýär. Kredit kartalary kabul edilmeýär.
  • Biletler. Wizanyň size berilmegi doly tassyklanylýança, biledi satyn almaň diýip size maslahat berýäris. Wiza berlen ýagdaýynda Siz pasportyňyzy indiki iş güni alyp bilersiňiz.

Resminamalaryň sanawy:

Siziň bilen gitmekçi bolýan her maşgala agzasyndan talap edilýär:

  1. Iňlis dilinde doldurylan DS-230 anketasy (1-nji we 2-nji bölüm, mundan öň tabşyrylmadyk bolsa). 
  2. Daşary ýurt pasporty: asyl nusgasy + suratly sahypasynyň kopiýasy.
  3. Dogluş hakda şahadatnama: asyl nusgasy, kopiýasy, iňlis dilinde terjimesi (notariusda tassyklanmagy barada 1-nji sahypadaky görkezmäni okaň).
  4. Nika şahadatnamasy: asyl nusgasy, kopiýasy, iňlis dilinde terjimesi. Nika baglaşanlar, şahadatnamanyň kopiýasy hem-de onuň iňlis dilinde terjimesini her biri üçin aýratyn tabşyrmaly.
  5. Mundan öň nikada duran şahslar üçin – nikany bozma hakda şahadatnama (dul aýal/erkek kişi üçin – ölüm hakynda şahadatnama): asyl nusgasy, kopiýasy, iňlis dilinde terjimesi.
  6. Jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada resminama. Bu resminama, immigrasiýa wizasyna ýüz tutýan 16 yaşdan geçen arzaçynyň haçan-da bolsa ulanan ähli atlaryny, familiýalaryny we doglan senelerini görkezmeli. Eger-de adam daşary ýurtda yaşan bolsa, bu resminama onuň bir ýyldan köp ýaşan ýurtlaryň ählisinden talap edilýär.
  7. Agzy ýapylan bukjada medisina barlagynyň netijeleri. Medisina barlagy Ilçihananyň ygtyýarly lukmany tarapyndan geçirilýär (goşunda serediň). Medisina barlagynyň netijeleriniň işläp taýýarlanmagynyň möhleti – 7 gün töweregidir. Medisina barlagy babatda giňişleýin maglumat üçin lukmanyň özüne ýüz tutuň.
  8. Wiza üçin iki sany 5x5 ölçegli reňkli fotosurat, arka ýüzi ak bolmaly (ýene-de iki surat medisina barlagy üçin gerek bolar).
  9. Belli okuw jaýyny gutarandygyňyz barada resminama: asyl nusgasy, kopiýasy, iňlis dilinde terjimesi.
  10. Yüz tutýanyň maddy üpjünçiligini tassyklaýan resminamalar (pul ýagdaýy, gozgalmaýan emlägi, iş ýagdaýy we ş.m.). Immigrasiýa wizasyna söhbetdeşligiň dowamynda Konsulyň, ABŞ-na geleniňizde, işe ýerleşmezden öň özüňizi nädip üpjün etjekdigiňiz baradaky soragyna doly jogap berip bilmeli. 
  11. Konsullyk tölegini tölemek üçin pul serişdeleri (1-nji sahypadaky görkezmelere serediň).
  12. Eger-de immigrasiýa, Siziň ýakyn garyndaşyňyz – ABŞ-nyň raýaty (ýüz tutýan şahs) tarapyndan maşgalanyň täzeden birikdirilmegi üçin resmileşdirilýän bolsa, aşakdakylar talap edilýär:
    • Maddy üpjunçilik barada kepilnama (Affidavit of Support): I-864 formasy – diňe asyl nusga. Bu resminama notarius tarapyndan tassyklanmaly.
    • Soňky üç ýylyň dowamynda birikdirilen salgyt deklarasiýalary (1040 formalary). Bu deklarasiýalar bolmadyk halatda ABŞ-nyň salgyt gullugynyň IRS bölüminden “tax transcripts” resminamalarynyň alynmagy zerurdyr.

Aşakdakylar barada giňişleýin maglumat şu salgyda berilendir: Immigrant Visa Processing – the National Visa Center.

  • Maddy üpjunçilik kepilnamasy (Affidavit of Support)
  • Gerekli resminamalar (dogluş hakda şahadatnama, nika şahadatnamasy, jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada resminama we ş.m.)
  • Medisina barlagy / lukman barada maglumat
  • Söhbetdeşlik