Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Talyplar

Global UGRAD - Halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy

Yewraziýa we merkezi aziýa halkara talyp alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeniýet işleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama Ermenistanyň, Azerbeýjanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryna bir okuw ýylynyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde we kollejlerinde okamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda ýaşaýan we gaýybana okaýan talyplar hem bäsleşige gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar aç-açan bäsleşik boýunça we taýýarlyk derejeleri esasynda saýlanarlar.

Maksatnama gatnaşyjylar:

  • Bir okuw ýylynyň dowamynda ABŞ-nyň uniwersitetlerinde we kollejlerinde gündizki bölümde okarlar;
  • Hemme talyplar okuw ýylynyň birinji ýarymynda azyndan 20 sagat meýletin jemgyýete peýdaly işleri ýerine ýetirerler;
  • Ikinji ýarym ýylyň dowamynda hünär öwreniş amalyny geçerler.

Birinji ýyl talyplary iki ýyllyk kollejlere kabul ediler we olar maşgalalarda ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşarlar. İkinji we üçünji ýyl talyplary dört ýyllyk uniwersitetlere ýa-da kollejlere kabul ediler we umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilerler.

Bu maksatnama ABŞ-na gidip-gelmek bilen bagly çykdaýjylary:

  • J-1 wizasyny almaklykda goldaw;
  • Maksatnama gatnaşmak üçin gidiş-geliş ýol harajatlary;
  • Saglyk  ätiýaçlandyrmasy;
  • Okuw tölegleri;
  • Ýaşaýyş jaýy we iýmit üpjünçiligi;
  • Aýlyk talyp haky;
  • Okuw esbaplary;
  • Maksatnamanyň uçurymlary üçin hünär taýdan kämilleşmek boýunça giň mümkinçilikler; 

Hünärler:

  • Hasabat bilimi
  • Oba hojalygy
  • Antropologiýa
  • Biologiýa
  • Biznes
  • Himiýa
  • Maglumat tilsimatlary
  • Jenaýat hukugy
  • Ykdysadyýet 
  • Bilim 
  • Inženerçilik işi
  • Tebigy serişdelerini dolandyrmak
  • Geologiýa
  • Hyzmatlar we syýahatçylyk ulgamynda dolandyryş
  • Halkara gatnaşyklary
  • Žurnalistika we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  • Ýurisprudensiýa 
  • Fizika
  • Politologiýa
  • Psihologiýa 
  • Sosiologiýa
  • Şäher meýilnamalaşdyryş
  • Amerikany öwreniş
  • Sanawda görkezilmedik başga hünärler hem göz öňünde tutular.

Maksatnama gatnaşmak üçin ediýän talaplar we seçip alyş ölçegleri babatynda maglumaty anketalardan alyp bilersiňiz.

Anketalary kabul etmegiň wagty:

2013-nji ýylyň 14-nji ýanwary, sagat 17:00 çenli

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek bolan anketany AÝREKS-iň Türkmenistandaky wekilhanasyndan, şeýle hem http://www.irex.org/application/global-undergraduate-exchange-program-eurasia-and-central-asia-global-ugrad-fellowship-a Internet sahypasyndan alyp bilersiňiz. Maksatnama barada doly maglumat almak üçin AÝREKS-iň Türkmenistandaky wekilhanasyna yüz tutup bilersiňiz:

Aşgabat, Görogly köç. 48A, 3-nji gat.
Tel: 97 10 34 (20).
Sorag-jogap üçin - Çemen Jumaýewa 

Adobe Reader

  • pdf hakynda

    Şu sahypada berilen dokumentleriň käbiri pdf formatynda berilýär. Olary açyp görmek üçin Adobe Acrobat Reader programmasy gerek. Iň soňky wersiýasyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.