Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Söhbetdeşlik

Söhbetdeşlik wagtyny bellemegiň internet usuly hakynda

Arzaçylar göni ýa-da Ilçihananyň internet sahypasynyň üsti bilen görkezilen salgyda:
https://evisaforms.state.gov/default.asp?postcode=AKD&appcode=3
wiza soragnamasynyň elektronik görnüşini doldurmaklygyň yz ýany gözükdürmä görä wiza söhbetdeşlik wagtyny belläp bilerler.

Internet arkaly wiza söhbetdeşligine wagt bellemegiň täze usuly oňaýly, ulanyşda ýeňil we arzaça söhbetdeşlik gününi özlerine saýlamak mümkünçiligini berýär.

Taýyn wizalary söhbetdeşlik gününiň ertesi sagat 14:00 alyp bilersiňiz. Wiza almagynyzdan öň syýahatyňyzyň çykdaýjylaryny tolemegiňizi biz maslahat bermeýäris. Çykdaýjy tölän ýagdaýyňyzda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi jogapkärçilik çekmeýär we wizany wagtyndan öň berip bilmeýär.  

Gysga wagtyň içinde adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de wiza soraglary boýunça kabul edilmeýän günlerde wiza söhbetdeşligine ýazylmak

Ilki bilen wiza söhbetdeşligine öňünden ýazylmagyňyzy biz size maslahat berýäris. Emma garaşylmadyk we göz uňüne tutulmadyk, aşakda görkezilen ýagdaýlarda siz wiza söhbetdeşligine gyssagly ýagdaýda hem ýazylyp bilersiňiz:

  • Gyssagly iş sapary
  • Talyplar
  • Maşgala ýa-da saglyk bilen baglanşykly ýagdaýlarda

Söhbetdeşlige gysga wagtyň içinde wagt bellemek üçin faks üsti bilen (993 12) 942614 ýa-da bölümiň elektron poçta salgysyna consularashgab@state.gov hat esasynda haýyşnama ugratmaly. Hatda saparyň görnüşini we indiki wiza boýunça kabul edilýän adaty günine ýazylmaklygyň siziň üçin dogry gelmeýändigini düşündürmeli. Siziň haýyşyňyz ýerine ýetirilen ýagdaýynda size we siziň sapar planlaryňyza görä, bölümiň iş göwrümine we mümkinçiligine görä iň ýakyn günine wagt bellenendigini habar bererler. Arzaňyz ýatyrylan ýagdaýda indiki söhbetdeşlik günine adaty gornüşde wagt bellenendigini habar bererler.