Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
E-Mugallym
 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iňlis dilini okatmagyň iň täze usullary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan meşhur E-Mugallym internet okuw kurslarynyň sekizinji tapgyryny yglan edýär. Bu 10-hepdelik kurslar 2012-njy ýylyň güýzünde we 2013-nji ýylyň gyş, bahar we tomus aýlarynda hödürleniler (kurslaryň hemmesi her tapgyrda gaýtalanyp durmaýar we gatnaşyjylar şu tapgyrlardan birine gatnasyp bilerler). Kurslar tamamlanandan soň, bütün dünýä boýunça 26 gatnaşyjy saýlanylyp, olar 2013-nji ýylyň tomsunda ABŞ-da üç hepdelik hünär taýýarlyk kurslaryna gatnaşarlar.

Şu tapgyra aşakdaky kurslar girizildi:

  1. Iňlis dilini okatmagyň okuw maksatnamasynda tankydy pikirlenme (Oregon uniwersitetiniň Dil bilimi kafedrasy we Amerikan iňlis dili instituty tarapyndan hödürlenilýar)
    Bu kurs gatnasyjylara kritiki (tankydy, döredijilikli hem-de analitik) pikirlenmegiň teoriýasy we ony iňlis dilini öwretmekde ulanmak boýunça çuňňur düşünje bermek üçin niýetlenendir. Şu aşakdaky çäreler arkaly öwrediler:  1) analitik pikirlenme teoriýasyny we onuň häzirki zaman pedagogikasynda ulanylyşyny giňişleýin düşünmek üçin profesional maglumatlary we makalalary okamak we söhbet etmek, 2) sapak prosesinde analitik pikirlenmegi ösdürmek barada serişdeleri we usullary anyklamak, baha bermek we ulanmak, 3) öz synplarynda analitik pikirlenmegiň endiklerini ösdürmek isleýän beýleki işdeşleri bilen sebitara we halkara derejesinde aragatnaşyk saklamak, 4) kursuň mowzuklaryna nähili düşünendigini görkezmek maksady bilen okuw planyny döretmek we 5) her bir gatnaşyjynyň iş ornuna laýyklykda, bar bolan serişdeleri we usullary tankydy pikirlenmekligi okatmagyň abzaly hökmünde adaptirlemek we gowulandyrmak.
  2. Ýaş öwrenijilere iňlis dilini okatmak (TEYL) (Baltimordaki Merilend ştatynyň uniwersiteti tarapyndan hödürlenýär)
    Bu kurs arkaly gatnaşyjylar iňlis dilini başlangyç synplarda okatmagyň teoriýasy we praktikasy bilen tanyşarlar. Bu ýerde dili manyly kontekstiň içinde öwretmegiň hem-de okuwy okuwçylaryň aktiw gatnaşmagynda her bir okuwça düşnikli edip alyp barmagyň dürli usullaryny öwrenerler. Biz dili dolandyrýan 4 sany esasy endikleri: diňlemek, sözlemek, okamak we ýazmak endiklerini gözden geçireris. Iňlis dilini okatmagyň adaty hem häzirki zaman strategiýalaryny we metodikalaryny öwreneris we olaryň dili başlangyç synplarda okatmak üçin ulanylyşyny synlarys. Bu kursyň gatnaşyjylary yazmaça tabşyryk, ylmy makalalary okamak, aýratyn tabşyryklar, halypalar bilen wirtual işleşmek we internetde söhbetdeşlik gurmak arkaly okatmagyň dürli taraplaryny öwrenerler.
  3. Interaktiw web sahypalar arkaly okatmak endiklerini ösdürmek (Oregon uniwersitetiniň Dil bilimi kafedrasy we Amerikan iňlis dili instituty tarapyndan hödürlenilýar) Bu kurs gatnasyjylara dili kompýuteriň kömegi arkaly öwretmek (CALL) usullarynyň teoriýasy we amaly ulanylyşy hakynda çuňňur düşünje bermek üçin niýetlenendir. Kursyň maksatlary: 1) Okatmagyň täze görnüşi bolan internet arkaly okatmakdan tejribe toplamak, 2) iňlis dilini öwretmegiň täzeçil serişdelerine we esbaplaryna düşünmegi gowulandyrmak we olary seljermekde we uýgunlaşdyryp ulanmakda işjeň gatnaşmak, 3) mugallymlara bu täze serişdeleri we usullary durmuşda ulanylyşyny synlamak we seljermek mümkinçiliklerini hödürlemek, 4) mugallymlara täze okuw serişdelerini we amallaryny ýerine yetirýän wagtynda goldaw bermek we meseleleri çözmegiň dürli endikleri bilen üpjin etmek we 5) gatnasyjylar öwrenen täze endiklerini geljekde başga mugallymlar bilen paýlaşyp bilmekleri üçin mugallymlary okatmak nusgasy hökmünde hereket etmek.
  4. Ýörite maksatlar üçin iňlis dili: in gowy tejribeler (Oregon uniwersitetiniň Dil bilimi kafedrasy we Amerikan iňlis dili instituty tarapyndan hödürlenilýar) Bu kursyň maksady ýörite maksatlar üçin iňlis dili sapaklarynyň döredilişi, ulanylyşy we baha berilişi hakynda okatmagyň in gowy tejribesi esasynda gatnasyjylaryň bilimini, endiklerini we garaýşyny ösdürmek. Bu kursuň esasyny düzýän predmetiň iň gowy iş tejribeleridigini nazarda tutup, bu kursa ýaş hem-de ökde mugallymlar deň hatarda gatnaşyp bilerler. Mysal üçin, gatnaşyjylar iňlis dilini okuw maksatlary üçin, ýagny uniwersitetde biznes, lukmançylyk, kanun ýaly ýörite bir ugry öwrenmek isleyän okuwçylaryň talabyna laýyklykda dili okatmak kurslaryny düzýan bolmaklary ähtimal. Ýa-da, olar ýöriteleşdirilen hünarment mekdeplerinde okamak üçin iňlis dilini öwrenýän okuwçylary taýýarlaýan hem bolmaklary mumkin. Şeýle hem, hususy bilim edaralaryndaky we uniwersitetlerdäki mugallymlar ýörite işewürlik maksatlary üçin eýýäm işläp ýören we iňlis dilini işinde ulanmaklygy zerur bolan öwrenijiler üçin dil kurslaryny işläp düzýän bolmaklary mümkin. Umuman alanyňda, bu kurs ýerli we milli derejesinde bilim we ykdysady gazanylanlary ösdürmeklige niýetlenendir.
  5. Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänleriň ýetişigine baha bermek (Baltimordaky Merilend ştat uniwersiteti tarapyndan hödürlenýär) Bu kurs gatnaşyjylary daşary ýurt dili boýunça ýetişigine baha bermek we testirlemek teoriýasy we amaly bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenendir. Gatnaşyjylar baha bermegiň we testirlemegiň arasyndaky tapawudy öwrenerler; baha bermegiň netijeleriniň okadýanlar we öwrenýänler üçin nähili peýda berýändigi ýüze çykararlar. Ondan başga-da, gatnaşyjylar baha beriş serişdelerini we testleri döretmekde üns berilmeli wajyp düşünjeleri (synagyň güýjini saklamagy, ygtybarlylyk, amatlylyk ýaly düşünjeleri) we testirlemegiň dürli görnüşleri (formatiw, summatiw, diognostik, derejesini barlamak, ýetişigine baha bermek, önümçilige gönükdirilen, prosese gönükdirilen we baha bermegiň goşmaça görnüşleri) bilen tanyşdyrylarlar. Iňlis dili okuwçylaryna 4 endigiň we mowzuklaryň hemmesi boýunça baha bermegi ösdürmek üçin gatnaşyjylar test talaplaryny ýazmagy, soraglary düzmegi, seljerip, gerek düzedişleri girizmegi we baha bermegiň gutarnykly we, şol bir wagtda, ygtybarly, güýjini saklaýan we peýdaly serişdesini düzmegi öwrenerler. Netijede, gatnaşyjylar özleri üçin baha bermekde ulanmak üçin gollanmany we bu gollanmany test prosesine gatnaşyjylaryň hemmesi üçin elýeter etmek üçin tejribe toplarlar. Okuw gollanmalary, tanyşdyrmalar, internet sahypalar kursuň tutuş dowamynda geçilen amallary ulanmaklygyň praktiki taraplary boýunça interaktiw çekişmeler üçin esas bolup hyzmat eder. Gatnaşyjylary ýumuşlar arkaly öz okuwçylarynyň bilimlerine baha bermek strategiýalarynyň görnüsleriniň sanyny artdyrarlar we öwrenen zatlaryny kursuň soňunda öz işdeşleri bilen ara-alyp maslahatlaşmaga taýýarlar.
  6. Usuly kurs I: Başga dilde gepleýän adamlara iňlis dilini öwretmegiň (TESOL) iň gowy usullary (Baltimordaki Merilend Universiteti tarapyndan hödürlenýär) Bu kurs gatnaşyjylara iňlis dilini dürli ýaşdaky we dürli ýagdaýdaky okuwçylara okatmagyň täze metodikalary barada maglumat bermek üçin niýetlenendir. Gatnaşyjylar Başga dilde gepleýän adamlara iňlis dilini öwretmegiň (TESOL) strategiýasynyň we usullarynyň giň spektory barada okarlar, ýazarlar we söhbetdeşlik ederler. Eşidip düşünmek, geplemek, okamak we ýazmak (şol sanda hem gramatika we söz baýlygy) endiklerini okatmagyň iň gowy amallaryny öwrenmek bilen birlikde gatnaşyjylar okuwçylar üçin netijeli we kommunikatiw atmosfera döretmegi-de öwrenerler. Mundan başga-da, gatnaşyjylar 21-nji asyrda iňlis dilini okatmak kontekstinde ony halkara dil hökmünde we  häzirki zaman tilsimatlaryny ulanmak hökmünde iň gowy amallaryň düýp manysyna syn ederler. Aýratyn tabşyryklaryň we kiçi toparlarda işlemegiň kömegi bilen, şu kursyň gatnaşyjylary teoriýany tejribe üsti durmuşa geçirip bilerler.
  7. 7. Usuly kurs II: Daşary yurt dili hökmünde iňlis diliniň sowatlylygyny taslama esaslanan okuw esasynda ösdürmek (Oregon Uniwersitetiniň Lingwistika kafedrasy we Amerikan iňlis dili Instituty tarapyndan hödürlenýär) Bu kursuň gatnaşyjylary taslama esaslanan okuw esasynda okatmagyň teoretiki we amaly taraplaryny, bu mowzuga degişli döwrebap makalalary we wideomateriallary synp taslamalaryna we söhbetdeşliklerine gatnaşmak arkaly öwrenerler. Okuw materiallary şulary aşakdakylary öz içine alýar: taslama esaslanan okuwyň teoretiki fundamenti, kursyň okuw maksatlaryny işläp düzmek, baha bermegiň goşmaça görnüşleri, okuwçylary höweslendirmek, hyzmatdaşlyk etmek arkaly öwrenmek, okuwçynyň psihilogik aýratynlyklary we okatmagyň dürli usullary. Wideoroliklar okatmagyň bu usulyny taslamak we ulanmak barada informasiyalary, mugallymlar bilen interwýulary, okuwçylaryň öwgüli seslenmeleri, okatmagyň bu usulyny ulanýan sapaklaryň wideýazgylaryny, we okuwçylara baha bermek usullarynyň nusgalaryny öz içine alýar.  Gatnaşyjylar wideoýazgylarda ulanylan okatmak ýollaryny analiz etmek we deňeşdirmek mümkinçiliklerine eýe bolarlar, we sereden okuw ýollaryny öz synplarynda ulanylyşyny döretmekde her wagt goldawlary bolar. Wideoýazgyny Uniwersitetiň YouTube sepindäki web sahypasynda http://www.youtube.com/uoregon seredip bolar.  Gatnaşyjylar  okatmagyň bu ýoly barada okuwçynyň nukdaý-nazary boýunça doly düşünje almak üçin we bu usuly ulanmagyň peýdasyny we ýüze çykyp biljek kynçylyklaryny doly düşünmek üçin gatnaşyjylar aýratyn we topar taslamalary tamamlamaly bolarlar. 

Dalaşgärler dalaşýan maksatnamasy barada ähli maglumaty okap, doly we dogry düşünmelidirler.

Dalaşmagyň tertibi:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatly rezýumelerini we dalaşýan maksatnamasyna (ýokardakylaryň 7-den biri) degişli bir sahypadan ybarat düşündiriş hatyny tabşyrmalydyrlar. Dokumentleriň ählisini AsgabatEducation@state.gov salgysyna ibermek  (hatyň mowzugy “E-teacher application” bolmalydyr) ýa-da Maglumat we medeniýet bölümine getirmek bolar. Doly doldurulmadyk arzalar HASABA ALYNMAÝAR.

Saýlaw tertibi:

Dalaşgärler hökman mugallym ýa-da halypa mugallym bolup, olar ýokardaky agzalan ýedi dersleriň birini okadýan ýa-da okatmagy meýilleşdirýän bolmalydyrlar; olar maksatnamanyň aşakdaky talaplaryny laýyk gelmelidir, ýagny zähmet hepdesiniň 8-10 sagadyny maksatnama bagyşlamalydyrlar we kursy wagtynda tamamlamalydyr.
Dalaşgärler TOEFL testinden 550 bal gazanmagy başarmalydyr; umumy kompýuter we Internet endikleri bolup, internet ulgamyny gündelik ulanmalydyr.  

Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2012-njy ýylyň iýul aýynyň 18-i

Goşmaça maglumat üçin AsgabatEducation@state.gov hat ýazyň.

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi:

Ak Altyn Oteli, 4-nji gat,
Aşgabat şäheri, Türkmenistan, 744000;
Tel: (99312) 350045-2181; 363331; 361365;
Faks: (+993-12) 36 46 93