Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Ilçihana hakynda

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Internet sahypasyna hoş geldiňiz!

Hoş geldiňiz!

Biziň täze websaýtymyza hoş geldiňiz diýýäris. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 1992-nji ýylyň 17-nji martynda açyldy. Şol wagtdan bäri, Ilçihana bilimi, medeniýeti, ykdysady reformalary, energetikany, araçäk howpsuzlygyny, neşe serişdelerine garşy göreşmegi, saglygy we kanun reformalaryny öz içine alýan giň möçberli meseleler boýunça Türkmenistan bilen uzak wagtlyk hyzmatdaşlyk etmek ýollaryny gözläp gelýär. Mundan başga-da, Ilçihana ABŞ-nyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda biri-birine bolan has gowy düşünmekligi artdyrmak ugrunda köpdürli maksatnamalary amala aşyrýar.

Bilim we medeniýet ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalary  

Türkmenistan 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alaly bäri, 2000 töweregi türkmen raýatlary ABŞ-nyň hökümetiniň maliýe goldawy boýunça orta mekdep okuwçylarydyr ýokary derejeli hünärmenleriň alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdylar. Maglumat we medeniýet bölümi hem öz gezeginde şol alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurumlaryna giň möçberli mümkinçilikleri hödürleýär.

Şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan Ilçiniň medeni ýadygärlikleri gorap saklamak fondunyň işiniň çäginde köp sanly üstünlikli taslamalary amala aşyrdylar. Soňky 12 ýylyň içinde ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça umumy moçberi 1,100,000$ barabar taslamalaryň 20 sanysyna goldaw berdi.

Biz ABŞ-nyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň dowam edýän ösüşine hem gaty begenýäris. Her ýyl Aşgabat Nýu Meksiko ştatynyň öz doganlyk Albukerk şäheriniň wekilçilik toparyny kabul edýär. Ilçihana ýygy-ýygydan ýokary derejeli iňlis dili mugallymlarynyň, Fulbraýt maksatnamasynyň uçurumlarynyň, sazanda toparlarynyň we amerikaly okuwçylaryň Türkmenistana sapara gelmegini guraýar. Maglumat we medeniýet bölümi guramalara we progressiw pikirlerdir hereketleri öňe sürýän rayatlara we uçurumlara olaryň proýektleri üçin malýe goldawyny berip durýar. Maglumat serişdeler merkezi özüniň Internet ulgamyna çatylan kitaphanasynyň üsti arkaly ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti, ykdysadyýeti we beýleki pudaklary barada maglumat hödürleýär.

Ykdysadyýet, saglyk we demokratik hökümet dolandyryş

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) üsti bilen amerikan halky Türkmenistanyň ykdysady we sosial ösüşleridir jemgyýetçilik işlerini goldamak üçin ABŞ-nyň 80 million dollaryna barabar maliýe goldawyny amala aşyryp gelýär. Ykdysady reformalar arkaly bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak (EREC) maksatnamasy türkmen ykdysadyýetiniň hususy sektorynda ýaryş esasyny we maýa guýumlary üçin amatly şertleri döretmek üçin ýurduň maliýe dolandyrylyşygyny güýçlendirmäge goldaw berýär. ÝUSAID–iň ykdysadyýete gönükdirilen taslamalary Sertifikatly iş alyp barýan hasapçy maksatnamasy, Sebitara bazar maksatnamasy we Junior Açiwment ýaly maksatnamalara goldaw berýär. ÝUSAID ýerli ykdysady ösüşiň perspektiwalaryny göz öňünde tutup, kiçi möçberli jemgyýetçilik taslamalaryna  maliýe taýdan kömek berilmegine goldaw berýär we ýerlerde jemgyýetçiligiň öz ýerli hökümeti bilen gatnaşyklaryny berkidýär. ÝUSAID ýerli guramalar bilen bilelikde habar beriş serişdelerine we beýleki guramalara ýuridik maslahat bermek ugrunda el-ele berip işleýär. Mundan başga-da, ÝUSAID-niň Jemgyýetçilik aragatnaşyklary maksatnamasy Türkmenistanyň işewür we jemgyýetçilik toparlaryna, ýerli hökümet ýolbaşçylaryna uzak wagtlaýyn gatnaşyklary guramak üçin ABŞ-da maşgalalarda ýaşap, praktiki alyş-çalyş  mümkinçiliklerini döretmegi hödürleýär. Saglyk pudagynda ÝUSAID ene we çaga saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmakda, saglyk işgärleriniň professional taýýarlygyny gowulandyrmakda, inçekesele garşy proýektleriň ýerine ýetirilişini gowulandyrmakda, HIV we beýleki gan üsti ýokuşýän keselleriniň ýaýramagyny azaltmakda ünsüni jemleýär.

Neşe serişdelerine garşy göreşmek we araçäk howpsuzlygy maksatnamalary

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Türkmenistanyň hökümetleri neşe serişdelerine garşy göreşmek, hukuk goraýyş we araçäk howpsuzlygyny saklamak ugrunda hyzmatdaşlygyny dowam edýärler. Ilçihana Türkmenistana ýurduň üsti bilen neşe serişdeleriniň geçirilmeginiň öňüni almagy gowulandyrmaga ýardam etdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşelere garşy göreş we hukuk goramak boýunça edarasynyň maksatnamasy ýörite sapaklary gurady, labaratoriýa enjamlary bilen üpjün etdi we Türkmenistanyň kazyýet işgärlerini halkara duşuşuklara iberdi. Şeýle hem, ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky iki ýurduň parahatçylygyna we asudalygyna howp salýan güýçlere garşy bilelikdäki dowan edýän göreşine aýdyn şaýat bolýan üç sany araçäk barlagy nokatlaryny gurup berdi.

Internet sahypamyz size lezzet bersin!

Biz Siziň elektron sahypamyzy halarsyňyz we gözleýän maglumatyňyzy taparsyňyz diýip umyt edýäris. Teklipleriňizi bize habar berip durmagyňyzy haýyş edýäris.

Şeýle hem, biziň Facebook we Mail.Ru sahypalarymyz pikirleriň alyş-çalşygy üçin, maslahatlara gatnaşmak üçin, iş tejribesini we suratlary çalyşmak üçin we, galyberse-de, aragatnaşyk saklamak üçin amatly şertler döredýär.

METBUGAT ÇAPARY

  • Metbugat çaparynyň iň soňky sany

Internet neşirler

  • Elektron žurnallar
    Elektron žurnallar

    E-Journal USA atly elektron žurnallar toplumy we her aýda bir täze sany

  • Fotogalereýalar
    Fotogalereýalar

    ABŞ-nyň durmuşyna bagyşlanan dürli fotogalereýalar we multimediýa