Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Bilim maslahat merkezi

EducationUSA - ABŞ-da bilim maslahat merkezi

Bilim maslahat merkezinde tanyşdyrma geçirilýän wagty (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Bilim maslahat merkezinde tanyşdyrma geçirilýän wagty (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Aşgabat şäherinde ýerlesýän ABŞ-da bilim maslahat merkezi (BMM) dünýä boýunça 450 maslahat beriş merkezleriniň biri bolup, ol ABŞ-nyň döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet bölümi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Bu merkez ABŞ-daky okuw maksatnamalary barada dogry we doly, obýektiw we öz wagtlaýyn maglumaty hödürleýär we şol maksatnamalaryň hünärmentlere el ýeterli bolmagy üçin okuw kitaplary bilen üpjün edýär. BMM ABŞ-nyň bilim maksatnamalary baradaky maglumaty almak isleýän ähli adamlar üçin, şeýle-de, mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, döwlet we hususy edaralarynyň wekilleri we ýönekeý raýatlar üçin açykdyr.

Merkezde maslahatçy hünärmen işleýär. Onuň ABŞ-nyň bilim sistemasy boýunça şahsy tejribesi bar. Eldar Hudiyew ABŞ-nyň Döwlet departament tarapyndan maliýelesdirilen alyş-çalyş maksatnamasynyň gatnaşyjysy bolyp, ol ABŞ-da bakalawr we magistr derejelerini aldy.

ABŞ-nyň bilim maksatnamalary baradaky maglumaty ähli isleg bildiryän adamlara bermeklik maslahat beriş merkeziniň işgärleriniň ilkinji esasy wezipeleriniň biri hasaplanylýar. Isleg bildirýänler maslahatlaşmak üçin hususy duşuşyk bellemekleri ýa-da ýörite toparlaýyn okuw kursyna gatnaşmaklary mümkin.

BMM ABŞ-nyň okuw maksatnamalaryna gatnaşmak isleýänlere Interneti tölegsiz ulanmaga, ABŞ-nyň uniwersitetleri, stipendiýalary barada maglumat we maliýe kömegini gözlemäge, iňlis dilini öwrenmek üçin okuw kitaplaryndan we resminamalary doldurmak üçin kitaphanadaky maglumatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Seýle-de, ABŞ-nyň kolležlerinde okamak isleýänler ABŞ-nyň bilim sistemasy, okuwa girmek üçin tabşyrylýan standart testleri, resminamalaryň doldurylmagy we maksada laýyk beýannamalaryň nädip  ýazylmalydygy barada dürli leksiýalara we prezentasiýalara gatnaşmaklary mümkin. BMM-de maglumat serişdeleriniň nusgawy toplumy bardyr, maglumat serişdeleriniň aglaba bölegi iňlis dili boýunça okuw kitaplaryndan, çeper eserlerden, maglumat görkeziji edebiýatlardan, yzygiderli neşirlerden, ABŞ-nyň uniwersitetleri we kolležleri baradaky kataloglardan, ensiklopediýalardan, sözlüklerden we beýleki okuw serişdelerinden ybaratdyr. Şunuň ýaly-da, olar audio we wideo toplumlary öz içine alýar. Okamak isleýänler islän serişdeni öýlerine yazdyryp okamaklary mümkin.

Her aýyň dowamynda Amerikan burçlaryna we Maslahat beriş merkezine müňden hem köp höwesjeňler gatnaşýarlar. Olar kitaphanadan, internet ulgamyndan peýdalanyjylar, ABŞ-da bilim almak baradaky maglumatlary almak isleýänler, maslahat beriş merkezleri tarapyndan geçirilýän klublara we beýleki çärelere gatnaşyjylardyr.

Doly maglumat we geçirilýän çäreleriň tertibini almak üçin bize şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Tatýana Geldimamedowa,
ABŞ-da bilim maslahat merkezi
Halkara bilim barada amerikan geňeslikleri
Görogly köçesiniň 48-A jayy, Aşgabat,
Tel.: (993-12) 33-10-21/22 ýa-da 33-06-96
Elektron poçta: eacashgabat@inbox.ru;
Internetde: http://americancouncilstm.org

Bilim sepleri

Täze websahypa

  • J1 wiza boýunça täze websahypamyzy görüň: J1VISA.STATE.GOV