Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Ilçi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Robert Ý. Patterson

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Robert Ý. Patterson (Foto: ABŞ-nyň Döwlet departamenti)

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Robert Ý. Patterson (Foto: ABŞ-nyň Döwlet departamenti)

Ilçi Robert Ý. Patterson Aşgabada 2011-nji ýylyň maý aýynda geldi we häzirki wagtda Amerika Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň missiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň kandidaturasy Prezident Obama tarapyndan 2011-nji ýylyň 3-nji martynda hödürlenildi we ABŞ-nyň Senaty tarapyndan 2011-nji ýylyň 14-nji aprelinde tassyklanyldy. Ol ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde 2011-nji yylyň 26-njy aprelinde kasam kabul etdi.

Ilçi Patterson Birleşen Ştatlaryň Ýokary diplomatik gullugynda hünärmen diplomat bolup durýar. Ol 1985-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentine işe giren döwründen bäri daşary ýurtlarda Merkezi we Gündogar Ýewropada, Demirgazyk Kawkazda, Russiýada, ozalky SSSR-de we Gündogar Afrikada işledi.

Türkmenistana gelmeginiň öňisyrasynda ol Keniýanyň Naýrobi şäherindäki ABŞ-nyň ilçihanasynda Somaliýa meseleleri boýunça geňeşçi bolup işledi. Şeýle hem, Ilçi Patterson Moskwada ABŞ-nyň ilçihanasynyň syýasy we içerki meseleler boýunça bölumine hem-de Wengriýadaky, Ukrainadaky we Ermenistandaky ABŞ-nyň ilçihanalarynyň syýasy bölümlerine ýolbaşçylyk etdi.

Pensilwaniýa ştatynyň Grinsburg şäherinde doglan Ilçi Patterson Rid kollejinden bakalawr derejesini aldy we Kolumbiýa uniwersitetinden filosofiya we gumanitar ylymlar boýunça magistrlik derejesini hem-de ABŞ-nyň Harby-deňiz kollejinden magistrlik derejesini aldy. Ol ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerinde işläp, 1974-nji ýylda hormat bilen dynç alyşa ugradyldy. Ilçi Patterson rus, ukrain, wenger we nemes dillerinde gürleýär. Ol egindeşi bolan ABŞ-nyň diplomaty Inmi Pattersona öýlenendir we häzirki wagtda hanym Patterson Germaniýanyň Gamburg şäherinde Baş konsul bolup işleýär.