Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Konfidensiallyk düzgünleri

Konfidensiallyk düzgünleri

Haçanda siz biziň Internet sahypamyza gelip göreniňizde, siziň islegiňiz bolmasa, siz baradaky şahsyýeti tanadýan maglumatlary (ŞTM) toplamaýarys. Biziň Internet saýtymyz arkaly şahsyýeti tanadýan maglumatlary bermeklik meýletindir, ýöne siz şeýle maglumatlary bize bermeklik bilen beýan edilen maksatlar üçin bize ulanmaklyga rugsat berýärsiňiz. Belli bir maglumatlaryň berilmezligi siziň isleýän käbir hyzmatlaryňyzy biziň berip bilmezligimize eltmegi mümkindir. Eger-de siz bize ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda web anketalary dolduran ýa-da elektron poçta arkaly hat ugradan wagtyňyzda ŞTM berseňiz, biz şol maglumatlardan peýdalanyp, siziň talap eden maglumatyňyzy berip bileris ýa-da siziň talap eden hyzmatyňyzy amala aşyryp bileris ýa-da siziň hatyňyza jogap berip bileris. Sizden alynýan maglumatlar siziň biziň Internet saýtymyza gelip näme edýänligiňiz bilen baglylykda üýtgäp bilýär.

Biz awtomatiki usulda siziň Internete çykýan domeýniňiziň adyny ( .com, .edu. we ş.m.), biziň saýtymyza gelen senäňizi we wagtyňyzy we biziň saýtymyza gelmekde ulanan saýtyňyzyň salgysyny (mysal üçin, gözleg saýtynyň salgysy ýa-da biziň saýtymyza gelmekligi maslahat beren saýt) ýygnaýarys we saklaýarys. Bu maglumatlar bize saýtymyzyň dürli sahypalaryna gelýan ulanyjylary sanamaga we siziň ýaly ulanyjylar üçin saýtymyzyň has-da peýdaly bolmagyny gazanmaga kömek edýär.

Eger-de bize elektron poçta arkaly hat ugratsaňyz

Siz bize özüňiz barada şahsy maglumatlary, mysal üçin, elektron poçta arkaly öz pikiriňizi aýdanyňyzda ýa-da sorag bilen ýüzleneniňizde berip bilersiňiz. Biz bu maglumaty biziň hödürleýän hyzmatlarymyzy gowylandyrmak üçin ýa-da size jogap gaýtarmak üçin ulanýarys. Käbir ýagdaýlarda siziň hatlaryňyzy siziň soraglaryňyza has takyk jogap berip biljek ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna hem ugradyp bileris. Kanunda göz öňünde tutulan hukuk goraýyş derňew işlerinden galan ýagdaýlarda biz elektron hatlarymyzy hiç bir daşky guramalara bermeýäris.

Üçünji taraplaryň websaýtlary we Internet programmalary

Biz aragatnaşyk ulgamlaryna we beýleki üçünji taraplaryň websaýtlaryna salgylar arkaly birikýäris. Aragatnaşyk ulgamlary bize daşary ýurtlaryň halklary bilen özara aragatnaşyk saklamaklyga we olar bilen jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça işleşmeklige ýardam berýär. Aragatnaşyk ulgamlary boýunça websaýtlar ilçihananyň geçirýän çärelerine bildirişleri yglan etmeklikde we jemgyýetiň agzalary bilen işleşmeklikde ulanylýar. Biz, şeýle hem, Internet sahypalaryndan peýdalanylyşy ölçemek we islege laýk sazlamak tehnologiýalaryndan peýdalanyp, biziň websaýtymyza we onuň dürli böleklerine gelýän ulanyjylary sanaýarys we ulanyjylar üçin websaýtymyzyň has peýdaly bolmagyny gazanýarys. Käbir ýagdaýlarda üçinji websaýtlaryň Internet programmalary siziň hasabyňysy açmak üçin elektron poçta salgysyny, ulanyjynyň adyny, açar sözüni we geografik ýerleşýän ýerini talap etmegi mümkindir. Biz şahsy adamlardan ŞTM-lary talap etmek ýa-da ýygnamak üçin üçinji taraplaryň websaýtlaryndan peýdalanmaýarys. Biz üçinji taraplaryň websaýtlary arkaly jemlenen şahsyýeti tanadýan maglumatlary toplamaýarys we saklamaýarys hem-de eger-de hukuk goraýyş maksatlary zerarly ýa-da kanunyň ozal göz öňünde tutulan tertebi esasynda talap edilmese hiç bir ŞTM ABŞ-nyň Döwlet departmentinden daşary hiç bir gurama berilmeýär, satylmaýar ýa-da geçirilmeýär.

Biz tötänleýin esasda saýlanan ulanyjylaryň toparyndan öy-pikirlerini we websaýtdan kanagatlanmak boýunça derejesini bilmek üçin Internet arkaly pikir soraşmanyň dürli görnüşlerinden peýdalanyp bileris. Ilkinji nobatda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti websaýtymyzdan peýdalanyjylaryň kanagatlanmak derejesi boýunça pikirlerini we görkezijilerini  toplamak üçin Forsi Rezalts kompaniýasynyň Amerikan müşderileriniň kanagatlanmak görkezijisi (ASCI) boýunça düzülen Internet arkaly pikir soraşmasyny yzygiderli ulanýar. Bu pikir soraşma ŞTM toplamaýar. Bu pikir soraşma tötänleýin esasda saýlanan ulanyjylaryň topary üçin açylsa-da, bu meýletindir we ilçihanalaryň websaýtlarynyň hemmesi bu pikir soraşmasyndan peýdalanmaýar.  Eger-de siz pikir soraşmasyndan ýüz öwurseňiz-de, siziň bu soraşma jogap berenler bilen bir hatarada deň maglumatlardan we serişdelerden peýdalanyp bilersiňiz. Pikir soraşmanyň netijeleri diňe webmasterlere ýa-da wezipesi boýunça borçlaryny ýerine ýetirmeklik üçin şu maglumatlar zerur  bolan beýleki ýörüte rugsat berilen adamlara elýeterlidir. Biz şeýle-de az wagtlyk döwür üçin pikir soraşmasyny ýörüte maksatlar üçin peýdalanyp bileris we olar Internetde ýerleşdirilen wagtlary düşündiriler.

Yzygiderlilik we islege laýyk sazlamak üçin maglumatlar (kökeler)

Köke bu kiçijik tekst faýly bolup, ony islendik bir websaýt siziň aragatnaşykda bolan wagtyňyz siziň amala aşyran sessiýňyz barada anyk maglumatlary ýatda saklamak üçin siziň kompýüteriňize geçirýär. Siziň kompýuteriňiz bu kökäni diňe şol kökäni beren websaýt bilen paýlaşýar, emma beýleki islendik saýt ony talap edip bilmeýär. Kökeleriň iki görnüşi bardyr:

Sessiýa: Sessiýa kökeleriniň ömri diňe brauzeriňiz açyk wagty dowam edýär. Eger-de siz brauzeriňizi ýapsaňyz, onda kökejik ýitip ýok bolýar. Websaýtlar sessiýa kökelerini tehniki maksatlar üçin ulanyp bilerler, mysal üçin, websaýt boýunça aňsat gezmek üçin ýa-da websaýtdan peýdalanan wagtyňyz websaýty siziň islegiňize görä sazlamak üçin.

Durnukly: Durnukly kökeler ulanyjynyň kompýuteriniň gaty diskine ýazylýar we haýsy ulanyjylaryň täzedigini ýa-da gaýtadan gelýändigini kesgitleýär we gaýtadan gelýän ulajylar üçin Forsi kanagatlanmak piker soralşygynyň çakylygyny böwetlemek üçin ulanylýar.

Eger-de siz sessiýa ýa-da durnukly kökeleri kompýuteriňizde saklamak islemeseňiz, siz öz brauzeriňizde kökeleri öçürip bilersiňiz. Muňa garamazdan siz biziň saýtymyzda hemme maglumatlardan we serişdelerden peýdalanyp bilersiňiz.  Emma kökeleri öçürmek käbir websaýtlaryň işlemegine täsir edip biler. Eger-de siz öz brauzeriňizde kökeleri öçurseňiz, onuň siziň barýan hemme websaýtlaryňyzda kökeleriň ulanylyşyna täsir etjekdigininden habarly boluň.

Beýleki websaýtlara sepler

Biziň websaýtymyzda ABŞ-nyň beýleki gulluklaryna, ilçihanalara, halkara guramalara we hususy guramalara köp sanly sepler bardyr we bu guramalaryň ABŞ-da ýa-da beýleki döwletlerde ýerleşýän bolmagy mümkindir. Haçanda siz beýleki websaýtlara salgylar boýunça geçeniňizde, siz biziň saýtymyzdan çykýarsyňyz we şol websaýtyň konfidensiallyk düzgünlerine degişli bolýarsyňyz.

Maglumatlaryň takyk we gutarnykly bolmagy üçin her bir tagallany edýäris. Emma, biz biç bir ýalňyşyň ýokdygyna güwä geçmeýäris. Şu websaýtda ýerleşdirilen resminamalar we maglumatlar  babatynda, ne ilçihana ne-de işgärleri ýa-da kontraktýoklary hiç hili güwä geçmeýär, şeýle güwä geçmezlik ýazylan ýa-da aňşyrylan güwälere we şol sanda harytlyk ýagdaýyna we şu websaýtdan alynan resminamalaryň belli bir maksada laýyklygyna güwä geçmezlik hem deigişlidir. Ondan daşary hem, ilçihana şu ýerde aýdylýan maglumatlaryň, önümlerň we prosessleriň takyklygy, dolulygy ýa-da peýdalydy boýunça ýa-da şol maglumatlaryň, önümleriň we prosessleriň ulanylmagynyň şahsyýetlere degişli awtorlyk hukuguny bozmajakdygy hakynda hiç hili kanuny jogapkäriligi üstüne almaýar.

Howpsyzlyk maksatlaryny nazarda tutup we şu hyzmatyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjin etmek maksady bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamenti websaýta maglumat ýüklemäge, onuň mazmunyny üýtgetmäge ýa-da zyýan bermäge bikanun edilen synanşyklaryň üstüni açmak üçin kompýuter programmalaryndan peýdalanýar. Şu hyzmatda maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge bikanun synanşyk etmek kanun tarapyndan berk gadagan edilýär we ABŞ-nyň 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi kanuny esasynda kanuny jogapkärçilik çekýär. Maglumat, şeýle hem, kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda hukuk goraýyş we derňew işlerinde ulanylyp bilner. Şu ýagdaýlardan galan ýagdaýlarda aýratyn ulanyjylary tanajak bolmaga ýa-da olaryň ulanyş endiklerini öwrenjek bolmaga synanşyk edilmeýär. Şu websaýta maglumat ýüklemäge ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmäge bikanun synanşyk etmeklik kanun tarapyndan berk gadagan edilýär we ABŞ-nyň 1986-njy ýylda kabul edilen Kompýuter aldawçylygy we zyýankeşligi kanunyň we ABŞ-nyň kanunlar toplumynyň 18-nji bölüminiň 1001 we 1030-njy baplary esasynda kanuny jogapkärçilik çekýär.