Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Açyk dünýä

Açyk dünýä maksatnamasy

Açyk dünýä bu Ýewraziýanyń we Amerikanyń liderleriniń  arasyndaky  özara düşünüşmekligi we hyzmatdaşlygy artdyrmak uçin işlenip düzülen alys-çalys maksatnamasydyr. Seýle  hyzmatdaslygyň esasyny ol ýewraziýaly ýaş jemgyýetçilik we syýasy liderlerini öz amerikan kärdeşleri bilen 10 günüń dowamynda Birleşen Ştatlarda gecirilýän hünärmen duşuşyklary arkaly taýýarlaýar. Açyk Dünýä Maksatnamasy ýewraziýaly we amerikan  gatnaşyjylaryň arasyndaky egindesligi maglumatlaryň wirtual alys-çalysy we basga, duşuşykdan soňky çäreleri ýola goýmaga ýardam edýär. Açyk Dünýä maksatnamasynyń kömegi bilen 1999-nji ýyldan bäri Birleşen Ştatlarynyń 1700 amerikan jemgyýetçilik guramalarynyň 6000 maşgalasy 13500-den köpräk ýewraziýalylary kabul etdiler.

Bu maksatnama Amerikanyń kanun çykaryjy pudagynyń gullugy bolan Açyk dünýä liderlik merkezi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Açyk dünýä maksatnamasynyň gatnaşyjy-döwletleri şu ýurtlar bolup durýar- Rossiýa (ilkinji döwlet), Häzirbegjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan we Ukraina. Wekiller maksatnama hökümet derejesiniń hemme gatlagyndan, jemgyetçilik guramalaryndan habar beriş serişdelerinden we hususy bölümlerden gelýärler. Maksatnama gatnasanlaryň  arasynda mejlisiń we ýerli kanun çykaryjy agzalary; ýokary we ýerli kazylary; tejribeli jemgyýetçilik işgärleri we ýaş aktiwistleri; saýlaw komitetiniń wekilleri we syýasy partiýanyń guramaçylary boldy.

Her hyzmatdaşlyk belli bir tema gönükdirilendir, mysal üçin: kanun çäkleri, bilim ýa-da  jogapkär baştutanlyk. Açyk dünýä  maksatnamasyna gatnaşyjy-döwletleriń her biriniň özüne laýýk temasy bolup, olar şol  döwletiń islegine we Amerikanyń daşary syýasy maksatlaryna esas bolup durýar.

Adatda maksatnamanyň alyş-çalyş topary 6 wekilden ybarat bolup, olar garşy alýan döwletiń kärdeşleriniń işjeń tejribelerine, ýakyndan gözegçiligine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryna  gatnaşyp bilerler. Çäreler syýasy dalaşgäri saýlawçylar bilen duşuşygyna ýany bilen gitmegi, gazet redaktorlyk kollegiýasynyň ýygnagyna we kriminal wakany kazy bilen belleşden öň, gazna-galdyrmak toplumy ara-alyp maslahatlaşygyna gatnaşmagy öz içine alýar. 

Ginden çäklendirilen  jemgyýetçilik we döwlet edaralary Açyk dünýä wekiliýeitini garşy alýarlar, ýa-da agalyk edýän ýerli edaralaryń ulgamlaryna gözegcilik edýärler. Milli garşy alýan edaralar ýa-da olaryń ýerli egindeşleri hünärmen maksatnamany, iýmit we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmegi, medeni we sosial çäreleri guralmagy meýilleşdirýärler we ýolbaşçylyk edýärler. Köp wekiller amerikan maşgalasynda galyp, jemgyýetçilik durmuş tejribe alyşmak mümkinçiliklere eýe bolar we öz ýurtlary barada garşy alýanlar bilen maglumat alyşyp bilerler.