Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Fulbraýt magistr
 

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyń Fulbright adyndaky maksatnamasynyň 2014-nji okuw ýylyna Magistr derejesiniń talyp haky üçin açyk bäsleşigini yglan edýar.

Fulbright adyndaky maksatnamasynyň talyp haky Turkmenistanyň tapawutlanan uçurymlaryna we orta  derejeli hünärmenlerine Magistr derejesini almak üçin 2 okuw ýyllyk okuwa gitmäge mümkinçilik berýär. Maksatnama 2014-nji okuw ýylynda başlaýar. Lukmançylyk ugurdan başga hemme ugurlar boýunça arzalary kabul edilýär. ABŞ-da ozal okamadyk talyplara aýratyn ähmiýet beriler.

Dalaşgärlere aşakdaky görkezilen talaplar edilýär:

  • 2014-nji ýylyň awgustyna çenli ýokary okuw jaýyny tamamlaýyş diplomy elinde bolmaly;
  • ABŞ-niň ýokary okuw jaýlaryna aspirant hökmünde okuwa girmek we okamak üçin Iňlis dilini bilmek zerurdyr. Hemme dalaşgärler TOEFL testini tabşyrmaly we azyndan 550 bal toplamaly bolarlar; GRE test hem zerurdyr; gerekli ýagdaýda käbir ugurlar üçin GMAT testini tabşyrmaly bolarsyńyz (testlar barada maglumaty görkezilen saýtlardan www.ets.org/toefl ýa-da www.ets.org/gre öwrenip bilersińiz).
  • okuwyň saýlanan ugury boýunça iş tejribesi bolan dalaşgärlere meýletinlik beriler.

Gatnaşyjylaryň saýlanyşy:

  • Anketany Internet arkaly dolduruń -> Söhbetdeşligi geçiń -> Awgust aýyna çenli TOEFL synagyny tabşyryń -> Oktýabr aýyna çenli GRE synagyny tabşyryń -> ahyrky netijä garaşyń. Ýeňijiniň derejesini 2014 ýylyń mart aýynda mälim ediler.
  • Gatnaşyjylaryň sany kän bolmagy üçin diňe her bir tapgyrdan geçen dalaşgär telefon arkaly mälim ediler. Size jań edilmese, siziń saýlanylmagyńyzy ańladýandyr.

Dokumentleri tabşyrmagyň iň soňky güni: 2013-njy ýylyň 15-nji маý aýyny

Resminamalar

Gatnaşmak isleýänler resminamalary Internet arkaly dolduryp bilersińiz: http://foreign.fulbrightonline.org/fulbrightpage.html
Goşmaça maglumatlary almak üçin el.poçtasy: AshgabatEducation@state.gov arkaly ýüz tutyp bilersińiz.

Biziň salgymyz:

Aşgabat şäheri, 744000, Türkmenistan
Magtymguly köçesi, 141/1 jaýy
"Ak Altyn" myhmanhanasynyň 4-nji gaty
Maglumat we medeniýet bölümi
Telefon: (99312)363331, 361365
Faks: (99312) 364693