Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Wiza

Konsullyk bölümi

Kapitoliý - Kongresiň jaýy, Waşington, Kolumbiýa okrugy (Foto: AP)

Kapitoliý - Kongresiň jaýy, Waşington, Kolumbiýa okrugy (Foto: AP)

Konsullyk bölümi ABŞ-nyň we Türkmenistanyň raýatlary üçin köp görnüşli hyzmatlary, şol sanda Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza we Amerikanyň raýatlary üçin bolsa raýatlyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Wiza hyzmatlary immigrasiýa rugsat bermeýän wizalar almak üçin tabşyrylýan arzalary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Immigrasiýa rugsat bermeýän wizany alýanlaryň sanyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş ýa-da dynç üçin gidýänler, ABŞ-a okamak maksady bilen gidýän okuwçydyr talyplar we ABŞ-a bolan saparynyň maksady wagtlaýyn bolup, ol maksat ýerine ýetenden soň, Türkmenistana dolanyp gelmegi niýet edinýän adamlaryň ählisi degişlidir.

2010–njy ýylyň fewral aýynyň 1-inden başlap ABŞ-nyňTürkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi, ABŞ-nyň raýatlary ýa-da ABŞ-da hemişelik ýaşamaga hukugy bar adamlar bilen maşgala aragatnaşyklary gurmak esasynda ýa-da iş teklibi esasynda ABŞ-da hemişelik ýaşamak maksady bilen ýüzlenýän Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny we raýatlaryny wiza bilen üpjin etmeklik işine seredip başlaýar.

Immigrasiýa rugsat bermeýän ýa-da immigrasiýa wizasyny almak üçin arzaçylar ABŞ-nyň immigrasiýa hakyndaky kanunynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmeli.

Ilçihananyň Konsullyk bölümi ABŞ-nyň raýatlarynyň pasportlaryny täzeläp berýär, Türkmenistanda ýaşaýan ABŞ-nyň raýatlaryny bellige alýar, olaryň Türkmenistanda doglan çagalary üçin dogluş hakynda şahadatnamalary berýär, saýlawçylary bellige alýar, girdejä salynýan salgyt görnüşlerini doldurmakda ýardam berýär, notarial we beýleki gyssagly we gyssagy bolmadyk hyzmatlaryň ençemesini hödürleýär. Şu ýerden kepillendirme (notarial) hyzmatlary barada doly maglumaty taparsyňyz.

Söhbetdeşlik wagtyny bellemegiň täze internet usuly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi wiza söhbetdeşlik wagtyny bellemegiň täze internet usulyny size hüdürlerýär. Arzaçylar göni ýa-da Ilçihananyň internet sahypasynyň üsti bilen görkezilen salgyda:
https://evisaforms.state.gov/default.asp?postcode=AKD&appcode=3
wiza soragnamasynyň elektronik görnüşini doldurmaklygyň yz ýany gözükdürmä görä wiza söhbetdeşlik wagtyny belläp bilerler. Garaşylmadyk ýagdaýlarda siz wiza söhbetdeşligine gyssagly ýagdaýda hem ýazylyp bilersiňiz (dowamy)

Ýerleşýän ýeri

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk bölümi Aşgabat şäheriniň 1984-nji (öňki Puşkin köçesiniň) 9-njy jaýynda ýerleşýär. Türkmenistanda mundan basga hiç ýerde ABŞ-nyň konsullyk bölümi ýokdyr.

Telefon belgileri: (993-12) 35-00-49 (hepdäniň duşenbe, sişenbe we anna günleri sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda)
Faks belgisi: (993-12) 39-26-14
Poçta salgysy:

Department of State
7070 Ashgabat Place
Washington, D.C.
20521-7070

744000 Türkmenistan
Aşgabat, 1984-nji
(öňki Puşkin köçesiniň)
9-njy jaýy
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň
Konsullyk bölümi

 

METBUGAT ÇAPARY

  • Metbugat çaparynyň iň soňky sany