Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Wiza hyzmatlary

Wiza ýüz tutýanlar, Internet sahypamyza hoş geldiňiz!

Türkmenistanyň raýatlary hem beýleki köp ýurtlaryň raýatlary ýaly ABŞ-a girmek üçin wiza almaly.

Immigrasiýa rugsat bermeýän wiza ABŞ-da ýaşamaýan we başga döwletlerde hemişelik raýatlygy bar bolan adamlara ABŞ-a gysga wagtlyk gitjeklere -- syýahatçylyk, saglygyňy bejertmek, iş sapary, wagtlaýynça işlemek ýa-da okamak üçin berilýär.

ABŞ-nyň kanunynyň talaby boýunça immigrasiýa rugsat bermeýän wizasyna ýüz tutýanlar ABŞ-a immigrasiýa gitmek niýetiniň ýokdugyny subut etmelidirler. Olaryň ýagdaýlarynyň kanun boýunça wiza almaga dogry gelýändigini ýa-da gelmeýändigini ABŞ-nyň ilçihanalarynda we konsullyk gulluklarynda çözülýär.

Adamlaryň hususy ýagdaýlary bir-birine meňzeş bolmandan soň, wizanyň şol bir görnüşine ýüz tutýanlara üýtgeşik soraglar berilip biliner we beýlekileriňkä meňzeş bolmadyk resminamalar talap edilip biliner. Konsullygyň işgärleri her adamyň ýagdaýyna görä, goşmaça maglumat ýa-da resminama talap edip biler. Biziň Internet sahypamyzdan immigrasiýa rugsat bermeýän wiza görnüşleri we soragnamasy hakynda gerekli maglumaty tapyp bilersiňiz.

Adamlaryň birnäçe kategoriýalary immigrasiýa wizasyny almaga düzguň boýunça hukuklydyr. Olaryň käbiri wiza öz adyndan ýüz tutp bilýär. Galanlary üçin garyndaş ýa-da geljekki iş beriji arza ýazmalydyr. Ýaňky belläp geçişimiz ýaly, wiza görnüşleri we soragnamasy hakynda goşmaça maglumaty biziň Internet sahypamyzdan tapyp bilersiňiz.

Möhüm bildiriş

Ilçihananyň wiza üçin garaşylýan otagyna wiza ýüz tutýanlaryň diňe özleri girip bilýärler. Bu ABŞ-nyň raýatlarynyň, ýanýoldaşlarynyň, ýuristleriniň, hemaýatkärleriniň, dostlarynyň ýa-da maşgala agzalarynyň arzaçynyň ýany bilen girip bilmeýändigini aňladýar. Emma, bu adamlar maglumat bermek isleseler, şol maglumatlar soragnamalar bilen bilelikde tabşyrylmaly ýa-da arzaçynyň öžüne tabşyrylyp, konsullygyň işgärine söhbetdeşligiň dowamynda görkezer ýaly berilmelidir. Bize düşünýändigiňize çuňňur minnetdar.