Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Maglumat serişdeleri merkezi
 

Maglumat we medeniýet bölüminiň bir bölegi bolan Maglumat serişdeleri merkezi (MSM) çap we elektron görnüşindäki maglumat serişdelerinden peýdalanyp, maglumat gözlegini amala asyrýan we maslahat berýän merkezdir. Bu merkez häzirki zaman ABŞ-nyň içerki we daşarky syýasaty, ABŞ barada täzelikleri, Kongresiň kanunlary, söwda meseleleri, durmuş we medeniýete degişli maglumatlary tapyp almaga kömek etmäge ýöriteleşýär.

Ykjam disklerde ýerleşdirilen we Internetiň üsti bilen elýeterli bolan elektron görnüşindäki maglumatlardan daşary hem, MSM-de 3000-e golaý kitap we 81 sany žurnaldan (pdf, 210 kb) ybarat okap peýdalanmak uçin magulmat ýygyndysy bardyr. MSM-iň Internetden peýdalanyp ylmy-barlag, maglumat gözleg etmek we hünär taýyndan kämilleşmek üçin 9 sany kompýuteri we iňlis dilini özbaşdak öwrenmek we testlere taýýarlanmak üçin taýýarlyk serişdeleri bardyr (pdf, 212 kb). MSM Internet çät ulgamy arkaly ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara maglumatlar edarasy tarapyndan ABŞ-nyň görnükli alymlary we hünärmenleri bilen yzygiderli söhbetdeşliklere gatnaşmak üçin ýardam berýär. MSM çeper we dokumental filmleriň görkezilişini gurnaýar, hem-de Internetden peýdalanmak boýunça okuwlary geçirýär we her dürli temalardan Interent serişdeleri bilen tanyşdyrmalary gurnaýar.

MSM-de işleýän hünärmen gysga wagtyň içinde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara maglumatlar edarasy tarapyndan we ABŞ-nyň ylmy ojaklarynyň maglumatlaryny gözlemäge we tapmaga, hem-de çap we elektron görnüşindäki serişdeleri ulanmaga kömek edýär. Soraglaryňyzy telefon, elektron poçta, faks arkaly iberip ýa-da gelip aýdyp bilersiňiz. Toparlaryň isleg bildirişine görä, MSM-iň maglumat serişdeleri we hyzmatlary barada gürrüňdeşliker, seýle-de Interneti öwrenmek seminarlary gurnalýär. Habarlaşmak üçin, MSM-iň hünärmeni Azat Myradowa ýokardaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Maglumat we elektron poçta arkaly ýazylyş

  • “Waşington Faýl” gündelik habarlar toplumy: Elektron poçta arkaly. Bu hyzmat arkaly ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylarynyň we guramalarynyň çykyşlary, pres relizleri, gündelik brifingleri we beýlekiler bilen tanyşyp bilersiňiz; Amerikanyň mdeniýetine, ykdysadyýetine we jemgyýetine degişli makalalar
  • Resmi maglumatlaryň hepdelik toplumy: Bu hyzmat arkaly wajyp meselelere degişli üç-dört sany makalany elektron ýa-da çap görnüşinde alyp bilersiňiz.
  • Makalalar hakynda habarlar: Bu habarlar toplumy her dürli temalardan  wajyp makalalar hakda habar berýär.
  • Neşirler: MSM ABŞ hakynda kitaplary we ykjam diskleri hödürleýär.
  • Wajyp meseleler: Döwrüň wajyp meseleri boýunça makalalar

Maglumat almak

  • Maglumat serişdelerini tapmak boýunça
  • Size gerek maglumaty tapyp bermek
  • Kitaplar we ykjam diskleri ulanmak

Seminarlar

  • Internetden maglumat almagyň usullary
  • Internetde gözlemegiň usullary
  • Web-sahypalary döretmegiň başarnyklary
  • Sizi gyzyklandyrỳan temalar boỳunça tanyşdyrmalar

MSM-iň salgysy

  • Her aýlyk meýilnamasy
    Her aýlyk meýilnamasy

    Fewral 2013 meýilnamasy (pdf, 522 kb)

  • Salgymyz

    ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
    Aşgabat şäheri, Türkmenistan 740000
    Magtymguly köç. 141/1,
    Ak-Altyn Oteli, 4-nji gat
    Tel.: (993-12) 36 33 31;
    Faks: 36 46 93
    E-poçta: irc-ashgabat@state.gov

  • Amerika hakynda websaýt
    Amerika hakynda websaýt

    Amerikanyň halkara gatnaşyklary, jemgyýeti, ilaty we medeniýeti hakynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň rus dilinde resmi websaýty

Adobe Reader

  • pdf hakynda

    Şu sahypada berilen dokumentleriň käbiri pdf formatynda berilýär. Olary açyp görmek üçin Adobe Acrobat Reader programmasy gerek. Iň soňky wersiýasyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.