Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Feýsbuk sahypamyz

Ilçihananyň “Feýsbuk” sahypasyna gelip görüň

Ilçihananyň “Feýsbuk” sahypasyna gelip görüň

Ilçihananyň “Feýsbuk” sahypasyna gelip görüň

Biz Sizi ABŞ-nyň Ilçihanasynyň “Feýsbuk” sahypasyna gelip görmäge çagyrýarys. Bu sahypa ideýalaryňyzy orta atmak, garaýyşlaryňyzy beýan etmek, piker alyşmalar guramak, tejribäňiz bilen paýlaşmak, suratlaryňyzy ýerleşdirmek ýa-da ýöne bir gatnaşyk saklamak üçin niýetlenendir.

Bizi nädip “Feýsbukda” tapyp bilersiňiz

Eger-de Siziň “Feýsbukda” girmäge hasabyňyz bolsa, onda 3-nji ädimden başlaň.

1-nji ädim. Siz “Feýsbuk” websaýtyna (http://www.facebook.com) baryp giriş hasabyny açyň. Bu mugt we islendik adam ýazylyp bilýär. Siz şu aşakdaky maglumatlary girizip, giriş hasabyny açýarsyňyz: doly adyňyz, elektron poçtaňyzyň salgysy, jynsyňyz, doglan güniňiz we täze paroly döretmeli.

2-nji ädim. Siziň elektron poçtaňyza gelen anyklaýjy salga basyp, hasabyňyzy tassyklamaly.

3-nji ädim. Şu salgyda “Feýsbuk” saýtynda hasabyňyz bilen girmeli: http://www.facebook.com

Biziň sahypamyza göni sep:

http://www.facebook.com/usembassy.turkmenistan

4-nji ädim. “Feýsbuk” saýtynda sag burçda, ýokarda ýerleşýän gözleg bukjasyna iňlisçe “US Embassy Ashgabat" diýip ýazmaly we gözleg amala aşyrmaly.

Bellik: Siz surat goýmak, täze tema we pikir alyşmak üçin ýa-da ýazgy etmek üçin we beýliki serişdelerden peýdalanmak üçin “Like” (Halamak) salgysyna basmalysyňyz.

Biz ýakyn wagtlarda Siziň bilen “Faýsbukda” duşuşarys diýip umyt edýäris.