Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Maglumat we medeniýet bölümi

Demokratik komissiýanyň kiçi grantlar maksatnamasy

Maksady

Bu maksatnamanyň maksady Türkmenistandaky raýatlaryň jogapkärçiligini  hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam edýän ýörite taslamalar üçin kiçi grantlary bermekdir. Ilki bilen grantlar peýda kowalaşman işleýän başlaýjy toparlara beriljekdir.

Komissiýany şu aşakdaky ugurlara degişli taslamalar gyzyklandyrýar:

  • umumy meseleleri çözmekde guramanyň özbaşdaklygy;
  • maglumatlary ýaýratmak;
  • raýatlara bilim bermek;
  • kanunlara hormat goýmak;
  • ösüşde aýallaryň roly;
  • hususy sektoryň, şol sanda talyplaryň arasynda telekeçiligiň ösmegine ýardam etmek.

Komissiýa, esasan, seminarlar geçirmek, bilesigelijileriň merkezleri üçin we serişdeleri çap etmek ýaly taslamalara serişde goýberýär. Komissiýa Türkmenistanyň raýätlygynda bolmadyk daşary ýurt wekilleri we guramalary tarapyndan hödürlenýän taslamalara, syýasy işlere gönükdirilen taslamalara, haýyr-sogap işleri we ynsanperwerlik kömegi baradaky taslamalara, serişde toplaýan kompaniýalaryň taslamalaryna, täjirçilik taslamalara uzak möhletli, durnukly taslamalary ýerine ýetirip bilýän guramalara we baslaýjy toparlara degişli däl we işlenilip ýörülen taslamalary gaýtalaýan taslamalara grant berilmeýär.

Doldurylan haýyşnamaňyzy şu salga iberiň:

Ýerli başlangyçlary goldaýan komissiýa
ABŞ-nyň Ilçihanasy, Maglumat we medeniýet bölümi
Habarlaşmak üçin işgär: Gunça Kömekowa
Elektron poçtasy: KomekovaGT@state.gov
Salgysy: ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Aşgabat, Türkmenistan 744000
Tel.: (993-12) 36 33 31; 36 13 65;
Faks: (993-12) 36 46 93

Adobe Reader

  • pdf hakynda

    Şu sahypada berilen dokumentleriň käbiri pdf formatynda berilýär. Olary açyp görmek üçin Adobe Acrobat Reader programmasy gerek. Iň soňky wersiýasyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.