Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Syýasy-ykdysady bölüm
 

Ilçihananyň bu bölümi Türkmenistanda bolup geçýän esasy syýasy we ykdysady meselelere hem-de ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky we sebitdäki köptaraplaýyn gatnaşyklara syn edýär. Bu bölüm ABŞ-nyň hökümetiniň Söwda ministrligi, Oba hojalygy ministrligi, Zähmet ministrligi ýaly ministrlikleriniň we Federal awiýasiýa gullugynyň arasynda utgaşdyrydy bolup hyzmat edýär. Ol ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrliginiň Türkmenistanyň fermerleriniň arasynda geçirilen konkursda üstün çykanlary iki hepdelik professional alyş-çalyşa ugradýan Kokran maksatnamasyny alyp barýar.

Bu bölüm ABŞ-nyň söwda bähbitlerini goldamak, Türkmenistana eksporty ösdürmek we ýardam bermek meseleleri boýunça ABŞ-nyň Söwda gullugy, beýleki gulluklary hem-de ABŞ-nyň hökümetiniň maksatnamalary bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.