Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Alyş-çalyş maksatnamalary

ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary

Fulbraýt maksatnamasy

Fulbraýt alyş-çalyş maksatnamasy iň ýokary derejedäki akademik alyş-çalyş maksatnamasydyr. Ol tejribeli türkmenistanly alymlara, ylmy işgärlere we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde leksiya okamaga we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa

Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa üstünlikli işläp ýören orta tejribeli, ýolbaşçy wezipelerde işleýän hünärmenlere 1 ýyllyk ABŞ-da dereje berilmeýän okuwa gitmäge we öz hünärleri boýunça gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýär.

Amerikany öwreniş institutlary

Amerikany öwreniş institutlary maksatnamasy dürli milletli hünärmenler üçin 6 hepdelik okuwdyr. Bu maksatnama ABŞ-nyň jemgyýetini, medeniýetini we gurluşyny öwrenýän ýa-da wezipesi şu ugurlar bilen dahylly mugallymlar, alymlar we beýleki hünärdäki adamlar üçin niýetlenendir we onuň maksady Birleşen Ştatlara has düýpli düşünmegi ösdürmekdir. Dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmelidirler.

Kohran Fellowşip maksatnamasy

ABŞ-nyň Oba hojalyk departamenti (ministrligi) tarapyndan amala aşyrylýan Kohran maksatnamasy döwlet we hususy sektoryň oba hojalyk hunärmenleri üçin Amerikanyň oba hojalygy bilen tanyşdyryjy 2 hepdelik sapary hödürleýär.

Mekdep okuwçylary üçin FLEKS alyş-çalyş maksatnamasy

Mekdep okuwçylary üçin FLEKS alyş-çalyş maksatnamasy mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna bir okuw ýylynyň dowamynda amerikan maşgalasynda ýaşamaga we amerikan orta mekdebinde okamaga mümkinçilik berýär.

Ýewraziýa ýurtlary boýunça Talyplar üçin alyş-çalyş maksatnamasy

Talyplaryň alyş-çalyş maksatnamasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň I we II kurs (5 ýyl okuw maksatnamaly ýokary okuw mekdepleriniň III kurs) talyplaryna 1 ýyl ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýär.

Edmand Maski maksatnamasy

Bakalawr derejesi bolan GDA ýurtlarynyň rayatlaryna magistr derejesini gazanmak ýa-da dereje gazanmagy göz öňünde tutmaýan maksatnamalar boýunça ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýär. Dalaşgärler bir ýyllyk, 18 aýlyk ýa-da iki ýyllyk maksatnama kabul edilýärler.

Okatmakda ussatlyk we üstünlik maksatnamasy

Mekdep mugallymlaryny öz ugurlaryndan bilimini ösdürmekde, okadyş usullaryny kämilleşdirmekde we ABŞ barada bilimlerini artdyrmakda özboluşly mümkinçilikler bilen üpjün eder. Gatnaşyjylaryň hersi ABŞ-nyň uniwersitetinde alty-hepdelik hünär ösüşi taslamasyna gatnaşmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik taparlar.

Ýokary okuw mekdepleriniň we kollejleriň/liseýleriň ýaş mugallymlarynyň iş tejribesini artdyrmak maksatnamasy

Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň iş tejribesini artdyrmak maksatnamasy Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlaryna niýetlenendir we açyk bäsleşik esasynda geçirilýän alyş-çalyş maksatnamadyr. Onuň ýeňijileri öz mugallymçylyk ukyplaryny artdyrmaga hem-de okuw meýilnamasynyň we okuw gollanmalarynyň üstünde işlemegiň ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik gazanarlar.

Açyk dünýä maksatnamasy

Açyk dünýä bu Ýewraziýanyń we Amerikanyń liderleriniń  arasyndaky  özara düşünüşmekligi we hyzmatdaşlygy artdyrmak uçin işlenip düzülen alys-çalys maksatnamasydyr. Seýle  hyzmatdaslygyň esasyny ol ýewraziýaly ýaş jemgyýetçilik we syýasy liderlerini öz amerikan kärdeşleri bilen 10 günüń dowamynda Birleşen Ştatlarda gecirilýän hünärmen duşuşyklary arkaly taýýarlaýar.

iňlis dilini intensiw görnüşde öwrenmek boýunça maksatnama

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet býurosynyň akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça bölümi 2011-nji ýylyň tomus paslynda täze alyş-çalyş maksatnamany hödürleýär, ýagny "Ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin iňlis dilini intensiw görnüşde öwrenmek boýunça maksatnama".

Internet neşirler

  • Elektron žurnallar
    Elektron žurnallar

    E-Journal USA atly elektron žurnallar toplumy we her aýda bir täze sany

  • Fotogalereýalar
    Fotogalereýalar

    ABŞ-nyň durmuşyna bagyşlanan dürli fotogalereýalar we multimediýa