Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Uçurymlar üçin sahypa

Okuw we hünär kämillik alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary üçin maksatnamalar

Uçurymlaryň ýurduň ähli künjeginde alyp barýan işleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş we okuw maksatnamalaryna gatnaşanlaryň has köp özara aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyna ýardam edýär. Bu maksatnamalaryň maksady uçurymlaryň jemgyýetiň ösüşine niýetlenen işlerine gantaşygyny giňeltmekdir. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar üçin Uçurymlaryň ýyllyk milli maslahatyny, Iş ýarmarkasy, Bilim ýarmarkasy, Uçurym duşuşyklary ýaly birnaçe maslahatlary, seminarlary we duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar we beýlekiler üçin umumy mowzukdan habardyr maglumatlary taýýarlap ýaýradýar.

Maglumat we medeniýet bölümi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş we okuw maksatnamalarynyň uçurymlary üçin olaryň özleri tarapyndan ýazylyp, ýylda 4 gezek çykýan “Alumini Boom” habarlar toplumyny neşir edýär we ýaýradýar. Bu habarlar toplumyny elektron görnüşinde alyp bilersiňiz: gyş-ýaz 2008, tomus 2008, güýz 2008ýaz-tomus 2010 we tomus 2010 sanlary bardyr.

Uçrumlaryň geçirýän çäreleri barada bilmeklik üçin indi täze bir mümkinçilik bar, olary Facebook web sahypasynda açylan "Türkmen uçrumlarynyň jemgyýeti" atly sahypada görmek bolar. Ol sahypada siz uçrumlara degişli bolan täzelikleri, makalalary, bildirişleri, suratlary görüp bilersiňiz.

Ilçihana, şeýle hem, uçurymlar üçin niýetlenen Döwlet departamentiniň uçurymlary websaýtynda hasaba durmaga çagyrýar. Bu saýt uçurymlara dürli grantlar, iş, stipendiýa we türgenleşik mümkinçilikleri barada maglumatlary hödürleýär. Ol şeýle hem ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýan maksatnamalaryň tutuş dünýädäki uçurymlary arasynda aragatnaşygy ýola goýýar.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalaryň Türkmenistanly uçurymlaryna grant berýär. Bu maksatnamanyň maksady uçurymlaryň Türkmenistanyň ilaty bilen ABŞ-nyň halkynyň birek-birege düşünişmeklerini çuňlaşdyrmaga ýardam edýän jemgyýetçilik taslamalaryny goldamakdyr. Uçurymlar kiçi grant maksatnamalary we ýol harjy grant maksatnamalary üçin ýüz tutup bilerler.

Uçurymlaryň alyp barýan işlerinden we maksatnamalaryndan yzygiderli habardar bolmak isleýän bolsaňyz, siz “Turkmen alumni listserwine” ýazylyp bilersiňiz. Munuň üçin şu salga elektron hat ibermelidir: AbdurasulovaGT@state.gov.

Habarlaşmak üçin:
Gülbahar Abdyrasulowa,
Uçurumlar bilen geçirilýän maksatnamalaryň utgaşdyryjysy,
Salgysy: ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Magtymguly köç. 141/1, 4-nji gat, Ak-Altyn Oteli,
Tel.: (993-12) 36 13 65;
Faks: (993-12) 36 46 93

Peýdaly sepler

  • Alumni Boom
    Alumni Boom

    Alyş-çalyş maksatnamalarynyň üçyrymlary üçin Alumni Boom jurnaly

  • Facebook
    Facebook

    Türkmen uçurymlarynyň sahypasy

  • Uçurymlar websaýty

    ABŞ-Türkmenistan alyş-çalyş okuw maksatnamalarynyň uçyrymlary üçin interaktiw saýt

Adobe Reader

  • pdf hakynda

    Şu sahypada berilen dokumentleriň käbiri pdf formatynda berilýär. Olary açyp görmek üçin Adobe Acrobat Reader programmasy gerek. Iň soňky wersiýasyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.