Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
ÝUSAID

ABŞ-nyň Halkara ösüş gullygy (ÝUSAID)

Aşgabadyň merkezinde AIW keseliniň öňüni almak boýunça ýaşlar merkeziniň açylyşy (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Aşgabadyň merkezinde AIW keseliniň öňüni almak boýunça ýaşlar merkeziniň açylyşy (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Amerikanyň Birleşen Ştatlary uzak taryhy wagtyň dowamynda durmuşyny gowulandyrmak ugrunda göreşýän, tebigy weýrançylykdan soň dikeldiş işlerini alyp barýän ýa-da azat hem demokratik ýurtda ýaşamak isleýän daşary ýurtlarynyň halkyna ýardam berip gelýär. Şu alada hem ABŞ-nyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýär we millet hökmünde bütün dünýä hakyky häsiýetini görkezýär.

Daşary ýurtlara ýardam bermek elmydama Amerikanyň daşary syýasatynyň bähbitlerini öňe sürmekde iki sany maksady göz oňunde tutýar. Olar ösüp gelýän ýurtlarda demokratiýany we bazar ykdysadyýetini giňeltmekden, şonuň bilen bir hatarda hem, ilatyň ýaşaýşyny ösdürmekden ybaratdyr. Şu maksatlary amala aşyrmak ücin ÝUSAID federal büjetiň 0.5% göterimi ulanyp, bütün dünýäde öz işini alyp barýär.

ÝUSAID-iň taryhy II Jahan urşundan soň Ýewropany täzeden dikeltmek üçin Marşal meýilnamasy we Trumanyň administrasiýasynyň maksatnamasynyň 4-nji punkty bilen baglydyr. 1961-nji ýylda Prezident Jon Kennedi Daşary ýurtlara goldaw hakynda akta gol çekip, ony kanuna öwürdi hem-de Prezidentiniň buýrugy bilen ÝUSAID döredildi.

Şol dowürden bäri, ÝUSAID heläkçiliklerden soň dikeltmek işlerini alyp barýan, garypçylygy aradan aýyrmak böýunça çalyşýan we demokratik özgertmeleri geçirýän ýurtlara ýardam berýän ABŞ-nyň  esasy agentligidir.

ÝUSAID – bu ABŞ-nyň hökumetiniň garaşsyz federal agentligi bolup, umumy daşary syýasatyny ABŞ-nyň Döwlet Sekretary ugrukdyrýar. Biziň işimiz durnukly we adyl ykdysady ösüşi goldaýar we aşakda görkezilýän ugurlara goldaw berip, ABŞ-nyň  daşary syýäsatynyň maksatlaryny öňe sürýär:

  • ykdysady ösüş, oba hojalygy we söwda,
  • dünýäde saglygy goraýyş we
  • demokratiýa, çaknyşyklaryň öňini almak we gumanitar kömek.

Biziň Turkmenistandaky işlerimiz bilen tanyşmak üçin Ýurt boýunça esasy ugurlary we maksatnamalaryň gysgaça beýanyny (pdf, 228 kb, iňlis dilinde) görüp bilersiňiz. ABŞ-nyň Halkara ösüş gullygy (ÝUSAID) degişli täzelikleri "Ilçihananyň täzelikleri" sahypamyzdan okap bilersiňiz.

Adobe Reader

  • pdf hakynda

    Şu sahypada berilen dokumentleriň käbiri pdf formatynda berilýär. Olary açyp görmek üçin Adobe Acrobat Reader programmasy gerek. Iň soňky wersiýasyny şu ýerden ýükläp bilersiňiz.