Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Wizanyň berilmezligi

Immigrasiýa rugsat bermeýan wizasynyň berilmezligi

ABŞ-nyň Immigrasiýa we naturalizasiýa kanunynyň 214(b) maddasynyň esasynda size ABŞ-nyň wizasy berilmezlik netijesi  çykaryldy. Kanunyň 214(b) maddasy ABŞ-nyň immigrasiýa rugsat bermeýän wizasyny almaga ýüz tutan arzaçy ol ýerde bikanun galmak we işlemek  niýeti bolan çaklamasy bilen esaslandyrylýar.  Söhbetdeşligiň dowamynda arzaçy kanunda görkezilen çaklamany özüne gabat gelemeýändigini we Türkmenistana bolan baglanşyklarynyň güýçlidigini görkezmeli we bu baglanşyklar onuň yzyna gaýdyp gelmegine kepillik bolup bilýändigini ynandyrmaly. Gynansakda, Siz söhbetdeşlik wagtynda ýaşaýan ýurdyňyza bolan baglanşygyňyzyň ýeterlik derejede güýçlidigini gökezip bilmediňiz we siziň Amerika gitmek niýetiňize wizanyň görnüşine gabat gelmeýändigi barada size habar berýäris. Siziň wiza arzaňyza Konsul tarapyndan doly seredildi we siziň şahsy ýagdaýyňyz we Türkmenistana bolan baglanşygyňyz ýeterlik derejede güýçli bolman, gynansakda wiza berilmezlik kararyna gelindi.

Immirasiýa rugsat bermeýan wizasy barada köp gabat gelýän soraglar:

S:  Ýaşaýan ýurduňa bolan güýçli baglanşyklar nämäni aňladýar?

J:   Ýaşaýan ýurduňa bolan güýçli baglanşyklaryň manysy her ýurtda, her şäherde, her bir arzaçynyň
öz ýagdaýyna görä üýtgäp biler.  Ol talabyň mysaly hökmünde siziň işiňiz, eýeçiligiňiz (jay, otag, umumy emläk), maşgalaňyz, arzaçynyň adyna açylan bank hasaby bolup biler.  Bu arzaçynyň durmuş ýagdaýynyň hemişe ýaşaýan ýurdy bilen ykdysady hem sosial taýdan baglydygyny görkezmelidigini aňlatýar.

S: Men wiza alyp bilmedim, Konsulyň gelen kararyny men nädip üýtgedip bilerin?

J:  ABŞ-nyň Immigraziýa kanuny tarapyndan wiza soraglarynyň çözgüdini diplomatic wekilçiligiň Konsulyna tabşyryldy.  Wiza soraglaryny çözýän eketäk edara konsullyk gullugydyr.  Düzgüne laýyklykda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Konsulyň çykaran kararyna täzeden seretmäge haky bar, emma bu hak kanun tarapyndan çäklendirilendir. Konsul wiza soraglarynyň çözgüdini diňe arzaçynyň öz şahsy ýagdaýyna esaslanyp çözýär, ol kimdir biriniň kepilnamasyna esaslanyp bilenok. Öz teklipleriňizi we arza-şikaýatlarygyňyzy hat arkaly ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Konsulluk bölümine iberip bilersiňiz.

S: Amerikadaky dostum ýa-da dogan-garyndaşym meniň yzyma gaýdyp geljegimi kepillendirip bilermi?

J:  Ýok.  Wiza almak üçin başga adamdan kepillik kabul edilenok. Çözgüt diňe arzaçynyň öz şahsy ýagdaýyna esaslanyp biler.

S:  Maňa dokument ýetmezçilik eden üçin wiza berilmedimi?

J:  Ýok. Düzgün boýunça Konsul çözgüdi dokument ýetmezçilik esasynda däl-de, arzaçynyň ýagdaýy wiza bermek üçin gabat gelmeýänligi üçin.

S:  Men wiza alyp bilmedim, men tölän ABŞ-nyň 140 dollaryny yzyna alyp bilýänmi?

J:   Ýok.  ABŞ-nyň wizasyna ýüz tutan her bir adam ol tölegi öz arzasyny kompýuter arkaly işläp çykarmak üçin töleýär.  Wiza soragynyň çözgidine garamazdan, siziň arzaňyz kompýuter arkaly işlenip çykarylýar.

S:  Wiza üçin täzeden haçan ýüz tutup bilerin?

J:  Wiza berilmezlik karary hemişelik däldir, we siz arzaňyza täzeden seredilmegini talap etmek hakyňyz bardyr, ýöne gaýtadan söhbetdeşlige geleniňizde diňe öňki söhbetdeşlikde aýdylmadyk Konsul üçin täze maglumata üns beriljegini berk bellemegiňizi haýyş edýäris.