Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Uniwersitetleriň mugallymlary

JFDP maksatnamasy: Ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary üçin okuwlar

Ýaş çäklenmedik. Anketalary tabşyrmagyň möhleti: 2012-nji ýylyň 18-nji iýuny.

JFDP-nyň maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet (ECA) boýunça Edarasynyň maksatnamasy bolup durýar we halkara bilim boýunça Amerikanyň Geňeşleri tarapyndan (AKSELS) ýöredilýär. JFDP-nyň maksatnamasy ýokary okuw jaýlarynyň has gelejekli mugallymlar üçin alymlyk derejesini bermezden, hünär derejäni  kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. 5 aýyň dowamynda mugallymlar:

  • derslere gatnaşmak we ABŞ-nyň uniwersitetlerinde professorlardyr mugallymlary bilen işleşmek arkaly öz akademiki ulgamynda bilimlerini ýokarlandyryp, tejribesini baýlaşdyrýarlar;
  • täze akademiki materiallary we gorlary toplarlar;
  • ABŞ-nyň uniwersitetleri we öýündäki uniwersiteti bilen aragatnaşyklary ýola goýarlar;

Maksatnama ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary üçin ABŞ-da bir semestriň dowamynda derslere gatnaşmak we mugallymlar bilen işleşip, öz bilimlerini we tejribesini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Fiziki şahslar gumanitar we sosial ylymlar ulgamynda arza berip bilerler.

Arza berijilere bilidirilýän talaplar şulardyr:

  • ýokary bilim;
  • häzirki wagtda ýokary okuw jaýynda okatmaly;
  • ýokary okuw jaýlarynda bir ýyldan bäş ýyla çenli okuw okatmakda iş ejribesi bolmaly;
  • iňlis dilini bilmeli;

JFDP-nyň maksady uniwersitetleriň mugallymlarynda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmagy öwretmegiň deňeçer usullaryny özleşdirmekde täze okuw materiallaryny we gorlary öwrenmek we toplamak ulgamynda öz bilimlerini köpeltmäge mümkinçilik bermelidir. JFDP-nyň gatnaşyjylarynyň her biri umumylykda 5 (bäş) aýy (2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary) Birleşen Ştatlarda geçirer.

2012-2013-nji ýylarda gumanitar we sosial ylymlar ulgamy:

  • Amerikany öwrenmek;
  • arhitektura we şäher gurluşygy;
  • medeniýet ulgamynda dolanşyk;
  • daşky gurşawy öwrenmek;
  • taryh;
  • halkara gatnaşyklary;
  • žurnalistika;
  • kitaphana we arhiw işi;
  • dil öwrenmek (amaly ýa-da nazarýet);
  • edebiýaty öwreniş;
  • jedelleri ugrukdyrmak;
  • pelsepe;
  • syýasaty öwreniş;
  • psihologiýa;
  • döwleti edara etmek;
  • saglygy goraýyş;
  • döwlet syýasaty;
  • din ylmy;
  • sosial iş;
  • jemgyýeti öwreniş.

Anketalary http://www.jfdp.org saýtyna ýükläp bilersiňiz

Soraglar bilen we maslahat almak üçin ýüz tutuň:

Halkara bilim boýunça Amerika Geňeşleri (AKSELS)
Aşgabat, Görogly köçesi, 48 a
telefony/faksy: (993+12) 97-10-16/21/22,
e-poçtasy: jfdp@americancouncilstm.org