Fotogalereýa
-
Fotogalereýa: Nýutaunda wepat bolan çagalaryň maşgalalaryna türkmen raýatlarynyň duýgudaşlygy
Soňky günleriň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary ilçihananyň derwezesiniň öňüne Nýutaun şäherinde wepat bolan çagalaryň hatyrasyna gülleri we oýnawaçlary getirýäler. ABŞ-nyň ilçihanasy şeýle agyr pursatda duýgudaşlyk bildirýän adamlara çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýär.
-
ABŞ-nyň hökümeti Gadymy Merwiň Gyz Gala ýadygärliginiň gaýtadan dikeltmegini maliýeleşdirýär
8-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň $595,000 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan grantyny yglan etmek dabarasyny geçirdi. Mary welaýatynda ýerleşýän we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasy” atly uly grantlar maksatnamasy tarapyndan sylaglanan taslama Gadymy Merwde ýerleşýän Uly we Kiçi Gyz Gala ýadygärlikleriniň gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak işlerini göz öňünde tutýar. Pres-reliz »
-
Surat galereýasy: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda geçen VII Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar
2012-nji ýylyň 24-26-njy sentýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda geçirilen VII Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we maslahatyna gatnaşdy. ABŞ-nyň ilçihanasynyň stendinde Ak-Altyn oteliniň 4-nji gatynda ýerleşýän Maglumat serişdeler merkezinden kitaplar, okuw kitaplary we gollanmalary, fimler we žurnallar sergi edildi. Talyplar, dürli kärli işgärler, mekdep okuwçylary we giň halk köpçüligi iPad planşetlerinde ýerleşdirilen iTekstbuk interaktiw okuw kitaplary, eKitaplar we ýüze golaý öwrediji kitap-programmalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem, sergä gatnaşanlar MSM-de bar bolan eLibraryUSA wirtual kitaphanasy we ençeme beýleki serişdeler we maksatnamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.
-
Luiziana ştatyndan garyşyk jaz topary «Şamar Allen we Anderdogz» Türkmenistana sapar etdi.
«Şamar Allen we Anderdogz», Luiziana ştatynyň Täze Orlean şäherinde esaslanýan garyşyk jaz topary Türkmenistana Döwlet departamentiniň häzirki zaman amerikan sazy bilen tanyşdyrýan Sungat ilçisi maksatnamasynyň çäklerinde sapar etdi. Press-reliz »
-
“Hoppin’ Jon” topary Türkmenistana blugras sazyny getirýär
–“Hoppin’ Jon” topary Türkmenistana 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-den 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-y wagt aralygynda saparda bolar. Olar Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna we Türkmenistanyň bitaraplygynyň jar edilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlap, birnäçe konsertleri we çäreleri geçirerler. Pres-reliz »
-
Surat galereýasy – Amerikan kawboýlary Aşgabatda saparda
2011-nji ýylyň aprel aýynyň 19-ynda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi Merkezi Aziýa sapar edýän, Waýoming ştatyndan rodeo kawboý toparynyň käbir wekillerini myhmançylykda garşylady.
-
Afro-amerikanlaryň taryhy aýyna bagyşlanylyp, çeper filmleriň görkezilişi
1976-njy ýyldan başlap her ýyl, Birleşen Ştatlary afro-amerikanlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlap afro-amerikan taryhynyň aýyny belläp geçýärler. Aşgabatda, ABŞ-nyň Ilçihanasy „Akilla synagdan geçýär“ we „Şa gyzy we gurbaga“ atly iki sany täze filmleriň görkezilişini gurady. Bu filmler afro-amerikan jemgyýetiniň oňyn taraplaryny açyp görkezýär. Pres-reliz »
-
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda iki günlik çagalar üçin kinofilmleriň görkezilşi geçirilýär
Täze ýyl baýramy we Isa pygamberiň doglan güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde 2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-8-i wagt aralygynda Türkmenistan kinokonsert merkezinde iki günlik çagalar üçin kinofilmleriň görkezilşini geçirildi. Pres-reliz »
-
ABŞ-nyň ilcihanasy bilim, ylym, sport we syýahatçylyga bagyşlanyp her ýyl geçirilýän sergä gatnaşýar
Ýaňy-ýakynda "Bilim, ylym, sport we syýahatçylyk beyik Galkynyş zamanasynda" atly geçirilen sergide ABŞ-nyň ilçihanasynyň burçuna gelip gördüler. Bu sergi Türkmenistanyň Türkmenistanyň söwda we senagat edarasy tarapynda guraldy we noýabr aýynyň 24-26 wagt aralygynda Aşgabat şäherindäki "Sergi Koşgünde" geçirildi. Gysgajyk makala »
-
Aşgabatda Afro-amerikan taryhy aýyny bellemek üçin kino festiwal açylýar
2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Aşgabatdaky “Watan” kino-konsert zalynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda 2 günlik filmleriň görkezilişigi açyldy. Filmleriň başlanmazyndan öňysyra, ilçihana afro-amerikanlar we olaryň ABŞ-daky taryhy barada gürrüň berýän maglumat tekjesini hödürledi.
-
Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilen üçünji serhet geçelgesi açylýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Silwiýa Kurran, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa degişli meselelerine jogapkär müdir Tom Huşek, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň kontr-admiraly Maýkl Franken hem-de Pres-reliz »
-
ABŞ-nyň Ilçihanasy Amerikanyň Garaşsyzlygynyň 233 ýyllygyny belleýär
“Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun!” Ine, şeýle sözler bilen amerikanlar Garaşsyzlyk güniniň şanly senesinde birek-beregi gutlaýarlar. Her ýyl biz 1776-njy ýylyň 4-nji iýulyndaky Garaşsyzlyk Jarnamasynyň şanly senesini belleýäris. Makala »
-
V Halkara Fulbraýt maslahaty
2009-njy ýylyň 16-17-nji maý aralygynda ABŞ-nyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Ylym we tehnologiýa baradaky Ýokary geňeşi bilelikde V her ýylky halkara Fulbraýt maslahatyny gurnadylar. Her ýyl geçirilýän bu maslahat dürli ugurlardan alymlary global ähmiýetli temalary ara alyp maslahatlaşmaga şert döredýär.
-
ÝUSAID Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 15 ýyllygyny dabaraly belleýär
Aşgabat, 2009-nji ýylyň 6-njy maýy – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (ÝUSAID) Türkmenistanda hyzmatdaşlygynyň 15 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen Türkmenistanyň hökümetiniň, maliýe ýardam beriji guramalarynyň, ýerli we halkara biznesiniň we raýat jemgyýeti guramalarynyň 200-den gowrak wekilleri Aşgabat şäherinde ýygnanyşdylar. Pres-reliz »
-
ABŞ-nyň harby howa güýçleriniň "Salgym" aýdym-saz topary Türkmenistanda
Türkmenistana bir hepdelik saparyň dowamynda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň "Salgym" topary konsert zallarynda, sazçylyk mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda hem-de harby akademiýasynda 2009-njy ýylyň 25-nji apreli – 2-nji maý aralygynda köpçülikleýin konsertleri we iş duşuşyklaryny geçirdiler. Makala »
-
ÝUSAID türkmen hökümet delegasiýasynyň okuw saparyny goldady
Türkmenistanyň resmi hökümet delegasiýasy ýaňy-ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýedi günlük tanyşdyryş saparyndan gaýdyp geldi. Bu tanyşdyryş sapary Kaunterpart Interneşnl bilen Şäher Ösüşi Institutynyň bilelikde ýerine ýetirýän ÝUSAID-iň “Ösüş üçin ýerli başlangyçlar” maksatnamasynyň “Ýerli öz-özüňi dolandyryşy güýçlendirmek” taslamasynyň sponsorlyk goldawy arkaly amala aşyryldy. Pres-reliz »
-
ABŞ-nyň Ilçihanasy Zenanlaryň taryhy aýyny belleýär
Mart aýynyň 27-ne “Aşgabat” myhmanhanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bolümi zenanlaryň taryhynyň aýyna bagyşlanan agşamyny geçirdi. ABŞ-nyň döwleti tarapyndan maliýeleşdirilen dürli alyş-çalyş maksatnamalarynyň zenan uçurumlary, üstünlik gazanan işewur zenanlar, hökümet edaralaryň wekilleri, jemgyetçilik guramalaryň ýolbaşçylary... Makala »
Internet neşirler
-
Elektron žurnallar
E-Journal USA atly elektron žurnallar toplumy we her aýda bir täze sany
-
Fotogalereýalar
ABŞ-nyň durmuşyna bagyşlanan dürli fotogalereýalar we multimediýa