Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Iňlis dilini okatmak we öwrenmek

Maglumat we medeniýet bölümindäki iňlis dilini okatmak we öwrenmek üçin serişdeler

Kitaphana

Maglumat we medeniýet bölüminde iňlis dilini okatmagyň metodologiýasy we okuw kitaplarynyň birnäçe görnuşleri bardyr we by kitaplary iňlis dili mugallymalry iki hepdä çenli möhlet bilen alyp bilerler. Mugallymlary we iňlis dilini öwrenýänleri Ak Altyn myhmanhanasynyň 4-nji gatynda ýerleşýän Maglumat serişdeler merkezine baryp görmäge çagyrýarys. Bu ýerde mugallymlar, alymlar we hökümet işgärleri üçin ABŞ barada öwrenmäge şertler bardyr. Siz bu merkeze öňünden jaň edip gelmek üçin Maglumat we medeniýet bölümi bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Internet serişdeler

“Iňlis dilini okatmak forumy” – bu iňlis dili mugallymlary üçin žurnaldyr. Siz bu žurnaly Maglumat we medeniýet bölüminden we Amerikan burçlaryndan alyp bilersiňiz we American English Online saýtynda makalalary okap bilersiňiz.