Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
USAID Türkmenistanda

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Ahal welaýatynda Mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça okuw merkezini açýar

Ahal welaýaty, 2012-nji ýylyň 14-nji dekabry
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Robert Patterson merkeziň açylyş dabarasynda ýaşyl lentany kesýär (Foto: USAID Türkmenistan)

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Robert Patterson merkeziň açylyş dabarasynda ýaşyl lentany kesýär (Foto: USAID Türkmenistan)

Täze açylan Mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça okuw merkezi (Foto: USAID Türkmenistan)

Täze açylan Mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça okuw merkezi (Foto: USAID Türkmenistan)

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistanda Oba hojalyk tehnologiýalary taslamasy “Türkmenmallary” maldarçylyk assosiýasiýasy bilen birlikde Ahal welaýatynda Mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça okuw merkeziniň dabaraly açylşyny geçirdi. USAID we türkmen maldary Nepes Garaýew bilen bilelikde maliýeleşdirilen bu merkez Ak Bugdaý etrabynda amatly ýerleşmek bilen, mal lukmanlary üçin Ahal welaýatynda maldarçylyk hojalyklaryna emeli usulda tohumlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge zerur bolan ähli gurallar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Açylyş dabarasynda merkeziň başlygy we tejribeli maldar Nepes Garaýew merkeziň açylmagy mynasybetli öz minnetdarlygyny beýan edip, şeýle diýdi: “Bu merkez bize Ahal welaýatynda gara mallaryň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde mal lukmanlaryna we maldarlara hyzmat etmegi dowam etmäge ýardam berer.” Açylyş dabarasyna Ahal welaýatyndan mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça alty sany hünärmenler, birnäçe ýerli daýhanlar, degişli pudakdaky döwlet ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Robert Patterson we USAID-iň wekilleri, taslamanyň işgärleri we bu ugurdan alnyp barylýan işleri goldaýan hünärmen maslahatçylar gatnaşdy. Ilçi Patterson Türkmenistanda maldarçylyk pudagyny ösdürmekde türkmen maldarlarynyň we mal lukmanlarynyň görkezýän hyjuw-gaýratyna ýokary baha berdi.

2010-njy ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlany bäri, USAID-iň Oba hojalyk tehnologiýalary maksatnamasy tarapyndan mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça 55 sany hünärmenler taýýarlanyldy we 1500-den gowrak sygyrlar Birleşen Ştatlardan import edilip getirilen genetiki taýdan ýokary hilli höwür öküzleriň tohumlary bilen tohumlandyryldy. Şu taslamanyň üsti bilen we özüniň goldaw bermeginde welaýatlarda açylýan mallary emeli usulda tohumlandyrmak boýunça okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly USAID türkmen maldarlarynyň işleriniň gülläp ösmegi üçin ygtybarly we durnukly şertleri döretmege çalyşýar.