Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
ÝUSAID-iň Türkmenistandaky maksatnamalary

ÝUSAID Türkmenistanda işewürçiligi ösdürmek boýunça okuw maksatnamasyny amala aşyrmagy başlaýar

2012-nji ýylyň 13-nji iýuny
Baş mugallymyň interaktiw oýun geçirip duran wagty (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Baş mugallymyň interaktiw oýun geçirip duran wagty (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Aşgabat, 2012-nji ýylyň 13-nji iýuny – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (ÝUSAID) 15 sany işewürçiligi okadýan hünärmen mugallymlar üçin Halkara zähmet guramasynyň “Öz işewürçilik işiňi başla we kämilleşdir” (SIYB) atly 10-günlük okuw kursuny geçirmegi başlady. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän bu okuwyň maksady Türkmenistanda hususy ulgamynyň ykdysady işlere gatnaşmak derejesini ýokarlandymak we işewürçilik ulgamynda täze mümkinçilikleri döretmekdir.

“Öz işewürçilik işiňi başla we kämilleşdir” maksatnamasy TSTB-niň ýanyndaky Telekeçilik mekdebiniň we başga-da okuw merkezleriň we maslahat (konsultasiýa) beriş kärhanalarynyň mugallymlaryna goltgy bermek arkaly, täze telekeçilere öz işewürçilik işlerini ýola goýmakda ýardam berjek ýokary hilli okuw we maslahat beriş hyzmatlaryndan peýdalanmaga ýol açýar.

Hususanda, SIYB maksatnamasynyň “Öz işewürçilik pikiriňi emele getir” (GYB) atly okuwy geljekki telekeçileri öz kiçi kärhanalaryny açmak üçin anyk, amatly we girdejili işewürçilik pikirleri işläp taýýarlamaga ukyply eder. Okuwyň ikinji ýarymy bolsa, ýagny “Öz işewürçilik işiňi başla” (SYB) atly bölegi, şu aşakdakylary öz içine alýar: marketing strategiýasyny düzmek, işgärler düzümini meýilleşdirmek, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny kesgilemek, kärhananyň hukuk görnüşi barada karara gelmek, zerur bolan ygtyýarnamalar we rugsatnamalar barada düşünje almak, başlanýan işiň daşky gurşawa täsirini seljermek, maliýe girdejileri çaklamak we beýlekiler.

1991-nji ýyldan başlap bu Halkara zähmet guramasy tarapyndan düzülen maksatnama Aziýa, Afrika, Ýewropa we Latyn Amerika ýurtlarynyň 100-sinde diýen ýaly amala aşyrylyp gelinýär, we dünýä boýunça ussat mugallymlarynyň 200-den gowragyna bu kurslary okatmak üçin halkara ygtyýarnamalary gowşurylandyr.