Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
DanceMotion USA (SM)

Amerikaly häzirki zaman tans topary Türkmenistana sapar edýär

Aşgabat, 2012-nji ýylyň 9-njy apreli – Nýu-York şäherinde ýerleşýän “Şan Körran Kompaniýasy” atly häzirki zaman tans topary şu hepde Türkmenistana sapar edýär. Bu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň guran sebitleýin medeni saparynyň bir bölegi bolup durýar. Türkmenistanda 2012-nji ýylyň aprel aýynyň 7-den 13-ne çenli bolmak bilen bu topar hepdäniň dowamynda Türkmen tans toparlary bilen birnäçe seminarlary geçirer. Olaryň sapary Aşgabat şäherinde köpçülik üçin açyk çykyş bilen tamamlanar.

Bu çykyş hemmeler üçin açyk bolup, penşenbe güni aprel aýynyň 12-de Aşgabatda Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde bolup geçer. Bu çykyşy görmek üçin hemmeler gelip biler.

“Şan Körran Kompaniýasy” – Brodweýde we ABŞ-nyň dürli künjeklerinde 15 ýyllaryň dowamynda ençeme çykyşlar eden ýokary derejeli tans toparydyr. Şu ýyl olar DanceMotion USA makasatnamasynyň gatnaşyjylary hökmünde ABŞ-nyň medeni ilçileri bolmaga saýlandylar. Bu bolsa öz gezeginde Döwlet departamentiniň häzirki zaman Amerikan tansyny görkezmek hem-de sazyň we tansyň üsti bilen milletleriň arasynda özara duýgudaşlygy öňe sürmek aladasydyr. Şu sapar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň Bruklin saz akademiýasy (BAM) bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde amala aşyrylýar.

“Şan Körran Kompaniýasy” we olaryň Türkmenistan sapary barada doly maglumat almak üçin Aşgabatda Ak Altyn myhmanhanasynyň 4-nji gatynda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we serişdeler merkezine (MSM) ýa-da 36 33 31 (1) telefon boýunça ýüz tutup bilersiňiz.