Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Fewral - Afro-amerikan taryhy aýy

ABŞ-nyň Ilçihanasy afro-amerikan aýyny belleýär

Aşgabat, 2012-nji ýylyň 1-nji fewraly – Afro-amerikanlaryň Birleşen Ştatlarynyň medeniýetine we jemgyýetine goşan goşandyny bellemegiň şanyna ABŞ-nyň Ilçihanasy afro-amerikan aýyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleri buýsanç bilen yglan edýär.  1976-njy ýyldan başlap, Birleşen Ştatlarynyň halky fewral aýyny afro-amerikanlaryň baý taryhyna, medeniýetine, goşan goşandyna we göreşine hem gazanan üstünliklerine bagyşlaýar.  Bu döwür afro-amerikanlaryň raýatlyk hukuklary ugrunda göreşini ýatlamak, olaryň gulçulyk döwründen başlap hormatlanýan, deňhukukly hem ýolbaşçy wezipelerini eýeleýän halkyň derejesine ýeten haýran ediji ýolyny öwrenmek wagtydyr.

Fewral aýynyň dowamynda Amerikan ilçihanasynyň işgärleri Türkmenistanyň  ähli welaýatlarynda birnäçe çykyşlary we medeni çäreleri gurnarlar. Hususanda, Ilçihana tarapyndan meşhur Amerikan filmleriniň açyk görkezilşi gurnalar.  Bu filmler rus dilinde görkezilip, giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk bolar.

  • Mary – sagat 15:00 we 18:30, Penşenbe, fewral aýynyň 2-si, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda
  • Türkmenabat – sagat 15:00 we 18:30, Anna-güni, fewral aýynyň 3-i, Lebap welaýatynyň Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda
  • Daşoguz – sagat 15:00 we 18:30, Anna-güni, fewral aýynyň 10-y, Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda
  • Aşgabat – sagat 15:00 we 18:30, Anna-güni, fewral aýynyň 24-i we Şenbe, fewral aýynyň 25-si, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde
  • Balkanabat – sagat 18:30, Sişenbe, fewral aýynyň 28-i, Balkan welaýatynyň döwlet sazly-drama teatrynda

Afro-amerikan aýyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň islendigi barada goşmaça maglumat almak üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (99312) 36-13-65; (99312) 36-33-31.