Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Iňlis dili

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine

Ilçi Robert Patterson açylyç dabarasynda söz sözleýär (Foto:ABS-nyn ilçihanasy).

Ilçi Robert Patterson açylyç dabarasynda söz sözleýär (Foto:ABS-nyn ilçihanasy).

Aşgabat, 2013-njy ýylyň 5-nji fewraly –“Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňlis dili okuwlary" atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň 49-syndan ybarat bolan, topar ýedi aýlyk okuw programmasyna başlady. Okuw meýilnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk gözegçiligi baradaky býurosy tarapyndan maliýeleşdirilendir. Maksatnamanyň gatnaşyjylaryň arasynda Daşary işler ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň, şeýle hem gümrük, serhet we migrasiýa gulluklaryndan we sagdyn jemgiýet howpsuzlygy goraýyş gullugyndan (ozalky neşelere garşy goreşmek baradaky Döwlet gullugy) we Baş Prokuraturanyň işgärleri bar. Şu ýyl okuw maksatnamasynyň taryhynda birinji gezek Adalat Ministirligiň işgärleri hem okuwa gatnaşýarlar. Okuw başlangyç we ýokary orta derejelerinde okudylar.

Okuwa gatnaşyjylara aýdan gutlag sözünde, Ilçi Robert Patterson iňlis diliniň wajyplygyny, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriň halkara işdeşleri bilen manyly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mümkinçilik berýändigini belledi. 

Okuwçylar ýedi aýyň dowamynda her hepdede üç gezek sapaklara gatnaşarlar.  Şu taslamanyň 2006-nji ýylda ýola goýlanyndan bäri, onuň çäklerinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň 130 golaýy iňlis dili okuw taýarlygyny geçdi. Okuwyň ahyrynda, okywy üstünlikli tamamlan bir näçe okuwçy, ABŞ-a okuw saparyna gatnaşmaga çagyrylar.