Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
USAID Türkmenistanda

Türkmenistanda täze baha kesiş biznesi döredilýär

Täze döredilen ”Maslahat Hyzmat” kompaniýasynyň ýolbaşçylary gozgolmaýan emlägiň bahasyny kesgitleýärler (Foto: Deloitte Consulting LLP)

Täze döredilen ”Maslahat Hyzmat” kompaniýasynyň ýolbaşçylary gozgolmaýan emlägiň bahasyny kesgitleýärler (Foto: Deloitte Consulting LLP)

Türkmenistan USAID-iň gatnaşmagynda baha kesiş hyzmatlarynyň bazaryny ösdürýär

Mesele: Türkmenistanda ýokary hilli baha kesiş hyzmatlarynyň ýetmezligi we kämil hukuk ulgamynyň ýoklygy gozgolmaýan emläge, ýaşaýyş we edara jaýlara, gozgolýan emläge we hojalyk işlerini alyp barýan edaralara dogry baha kesmegi mümkin däl diýen ýalydy. 2011-nji ýylyň ortalaryna çenli Türkmenistanda baha kesiş hyzmatlary ýok diýen ýalydy, we diňe bir kompaniýa şu ugur boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýärdi . Bu ýagdaý hususy eýeçilik sektorynyň ösüşine we ýurdyň bazar gatnaşyklaryna geçmegine päsgelçilik döredýärdi. Kämil baha beriş ulgamynyň zerurlygy aýdyň mesele bolup durdy.

Başlangyç: USAID milli baha kesiş ulgamyny özgertmegine gatnaşyp, bu meseläni çözmekde Türkmenistana ýardam berdi. USAID baha kesiş ulgamynyň reformasyny goldady we döwlet edaralar we jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde 60 adam üçin okuw kurslaryny gurnady we maliýeleşdirdi. Hususanda, USAID Türkmenistanyň baha kesmek işi hakynda kanunyň döredilmegine ýardam berdi we ony halkara standartlaryna gabat getirmek üçin degişli üýtgetmeleri teklip etdi. 2011-nji ýylyň maýynda USAID hususy eýeçilik sektorynda işleýän Türkmenistanly baha kesiş hünärmenleri üçin Gazagystanda geçirilen bir hepdelik okuwy gurnady we maliýeleşdirdi. Häzirem USAID baha kesiş boýunça okuwlary geçirip bu ugurdan ýardam berýär. Mundan başgada, USAID baha kesiş kurslar üçin okuw gollanmalaryň we meýilnamanyň işläp taýýarlanmagyna gatnaşdy. Bu okuw gollanmalary we meýilnama häzirki wagtda geçirilýän baha kesiş ulgamynyň potensialyny berkitmek boýunça maksatnamasynyň esasy bölekleri bolup durýarlar we Ykdysadyýet we Biznes mekdebi ýaly ýerli okuw edaralar tarapyndan peýdalanylýar.

Netije: USAID-iň goldamasynyň netijesinde Türkmenistanyň baha kesiş hyzmatlar bazary örän çalt depginde ösdi. USAID tarapyndan goldanan baha kesmek işi hakynda kanun 2011-nji ýylyň awgustynda kabul edildi we baha kesiş bazarynyň ösmegine giňden yol açdy. USAID-iň okuwlaryna gatnaşyjylaryň 20-den gowyragy mugallym ýa-da hünärmen hökmünde baha kesiş bazarynda zähmet çekýärler. Diňe 2012-nji ýylyň dowamynda okuwlara gatnaşan hünärmenler 5 sany täze kompaniýa döredip, baha beriş bazaryndaky bäsleşigi berkitdiler.