Skip Global Navigation to Main Content
Skip Breadcrumb Navigation
Immigrasiýa wiza lotereýasy

«DV-2014» IMMIGRASIA LOTEREÝASYNA GATNAŞYJYLARA GÖZÜKDIRIJI

Her ýyl geçirilýän “DV“ lotereýasy ABŞ-a immigrasiýa derejesi pes ýurtlaryň ýaşaýjylary 50 000 adama ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugyny berýär. Bu lotereýanyň ýeňijileri kompýuter arkaly saýlanýar. Ýeňijileriň uly göterimi (7%) ABŞ-a immigrasiýa görkeziji iň pes ýurtlarda doglan adamlaryna berilýär. Aşakdaky görkezlen ýurtlarda doglan adamlar DV-2014 wiza lotereýada gatnaşyp bilmeýärler, sebäbi şol ýurtlardan immigrasiýa baran adamlaryň sany soňky bäş ýylyň içinde 50000 adamdan artyk:

BANGLADEŞ, BRAZILIÝA, KANADA, HYTAÝ, KOLUMBIÝA, DOMINIKAN RESPUBLIKASY, EKWADOR, EL-SALWADOR, GAÝITI, HINDISTAN, ÝAMAÝKA, МЕКSIКА, PÄKISTAN, PERU, FILLIPPINLER, GÜNORTA KOREÝA, BEÝIK BRITANIÝA (Demirgazyk Irlandiýa hem oňa degişli ýerlere bu karar degişli däl), WIETNAM.  Gonkongda, Makauda hem Taýwanda doglanlar gatnaşyp bilerler).

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti DV maksatnamasyny alyp barmagyny kämilleşdirmek üçin 2005 ýyldan bäri soragnama tabşyrylyş usulyny elektron görnüşine geçirdi.  Döwlet Departamenti sogragnama doldyryş wagtynda hilegärlik edilmegiň öňüni almak üçin ýörite tehnologiýalary hem-de serişdeleri ulanýar. DV-2014 birinji gezek ýüz tutýanlar ös tabşyran anketasynyň ýagdaýyny barlamaga mümkinçilik berildi. Lotereýanyň ýeňijilerine diňe poçta arkaly habar beriler.     

ELEKTRON DV-SORAGNAMANYŇ DOLDYRYLYŞ MÖHLETI

«DV-2014» LOTEREÝA GATNAŞMAK ÜÇIN INTERNET ARKALY http://www.dvlottery.state.gov/ WEB SAHYPADA ÝERLEŞÝÄN ELEKTRON ARZANY DOLDURMALY. ARZALAR 2012 ÝYLYŇ OKTÝABR AÝYNYŇ 2-DEN NOÝABR AÝYNYŇ 3-NE ÇENLI KABUL EDILÝÄR. KABUL EDILŞIK DIŇE GÖRKEZLEN 30 GÜNIŇ DOWAMYNDA GEÇIRILÝÄR.  KAGYZ ÝÜZÜNDE DOLDYRLAN ARZA KABUL EDILMEÝÄR. DOLDYRYŞ MÖHLETIŇ SOŇKY GÜNLERINE ÇENLI GARAŞMAZLYGY MASLAHAT BERÝÄRIS, WEB SAHYPANY KÖP ADAMYŇ ŞOL BIR WAGTDA ULANMAGY SEBÄPLI, SAHYPANYŇ HAÝAL IŞLEMEGI MÜMKIN.  2012-NJI ÝYLYŇ NOÝABR AÝYNYŇ 3-DEN SOŇ ELEKTRON ARZA KABUL EDILMEZ.

GATNAŞYJYLARA BOLAN ТALAPLAR:

  • Gatnaşyjynyň doglan ýurdy: DV-2014 lotereýa gatnaşýan adam, lotereýa gatnaşmak hukugy bar ýurtda doglan bolmaly.  Eger-de gatnaşyjynyň doglan ýeri lotereýada oýnamak hukugy ýok ýurtda doglan bolsa, gatnaşyjy iki ýol bilen özüne hukuk gazanyp biler. Birinjisi: gatnaşyjy öz aýalynyň (äriniň) ýurdyny gorkezip biler, eger-de aýalynyň (äriniň) doglan ýeri lotereýa gatnaşyp bilýän yurtda bolsa. Ikinjisi: gatnaşijynyň ene- atasy şu lotereý gatnaşyp bilýän ýurtda doglan bolsa, ol şol ýurdy görkezip biler.
  • Bilim boýunça kesgitleme: Lotereýa gatnaşmak üçin orta bilim attestaty (ABŞ-da orta bilim hökmünde 12 ýyldyk başlangyç we orta bilim attestaty göz öňüne tutylýar), ýa-da soňky bäş ýylyň içinde iki ýyllyk iş tejribesi bolmaly. Bu barada doly maglumat internetde http://www.travel.state.gov/ sahypada elýeterlidir. Gatnaşyjylaryň ýaşy çäklendirlen däldir, ýone bilim baradaky attestat talaby çagalara gatnaşmaga mümkinçilik bermeýär.  (Eger-de ata-enesi ýeňiji saýlanylsa, olaryň çagalary hem wiza alýarlar).
  • Еger-de gatnaşyjy ýokarda görkezilen talaplara gabat gelmese, ol elektron arzany doldurmaly däldir.

DV-2014 LOTEREÝANYŇ ELEKTRON SORAGNAMASYNYŇ DOLDYRYLYŞ DÜZGÜNI:

  • ABŞ-nyň Döwlet Departamenti http://www.dvlottery.state.gov/ web sahypasy üsti bilen doldurlan elektron soragnamalaryny, diňe görkezilen 60 günüň dowamynda kabul eder.
  • Gatnaşyjy elektron soragnamany DIŇE BIR GEZEK doldurmalydyr.   Еger-de soragnama bir gezekden köp doldurylan bolsa, şol adam soragnamany kimiň doldyranlygyna seretmezden, gatnaşmak hukugyny ýitirýär. Soragnama ýüz tutýan adamyň özi, ýa da başga birine doldyrydyp biler. Dogry doldyrylan soragnamany kabul edilen wagty, kompýuter size adyňyz we şahsy nomer ýazylan tassyknama berer. Şol tassyknamany çapdan çykaryp özüňizde saklamagyňyzy maslahat berýäris. 2013-njy ýylyň 1-njy maýyndan başlap şol berilen şahsy nomer boýunça siz öz soragnamagyňyzyň ýagdaýyny electron sistema arkaly barlap bilersiňiz.
  • Kagyz ýüzünde doldurlan soragnamalar kabul  edilmeýär.
  • Eger-de elektron soragnamada talap edilen suratlar doly iberilmese, onda siz gatnaşma hukugyny ýitirýärsiňiz.  Surat soňky wagtlarda aldyrlan bolmaly. Tabşyrmaly suratlar:
    • gatnaşyjynyň özi,
    • äri (aýaly), 
    • çagalarynyň suratlary; 21 ýaşa ýetmedik, hem nikada durmadyk çagalary; özünden bolan,  ýa-da kanun esasynda ogullyga (gyzlyga) alnan, öweý çagalarynyň, gatnaşyjy bilen ýaşamaýandygyna, hem-de hemişelik ýaşamaga bile gitmeýändigine garamazdan  suratlaryny ibermelidir. 

Eger-de siziň çagaňyzda ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugu bar bolsa, ýa-da ABŞ-nyň raýatlygy bar bolsa, onda siz şol çagany soragnamada görkezmeli däl, hem-de suratyny ibermeli däl. 

Her bir maşgala agzanyň suraty aýratyn düşürlen bolmaly, üýşüp düşülen surat kabul edilmeýär. Gatnaşyjy talap ediyän suratlaryň hemme maşgala agzalarynyň suratlary bilen bile tabşyrylmasa, gatnaşma hukugyny ýitirýär.

  • Her bir gatnaşyjy, elektron soragnamany internet üsti “on-line” usuly bilen doldurýan wagty, kompýuterde düzülen sanly görnüşli (цифровой/digital) surat faýly bolmaly.  Surat sanly görnüşli fotoapparatda alynan bolmaly, ýa-da kagyz ýüzündäki suraty sanly görnüşli skanerden geçirilen bolmaly. 
  • Köne, ýa-da talaba laýyk gelmeýän surat tabşyranlar lotereýa gatnaşma hukugyny ýitirýärler.

Soragnama bilen iberilýän surat barada maglumat.

  • Soragnamada talap edilýän surat iki görnüş bilen alyp bolar, sanly (цифровой) fotoapparat bilen alynan surat, hem-de kagyz ýüzündäki suraty sanly skanerden geçirilip kompýuter faýlyny döretmeli. Suratyň hilini soragnamanyň saýtynda görkezilen ýörite programma arkaly barlap bilersiňiz, we şol ýerde surat alyş tehniki maslahatlar berilýär, hem-de gabat gelýän we gabat gelmeýän suratlary mysal görnüşinde görkezilýär.    

Surat aşakdaky görkezlen düzgünlere laýyk gelmese, gatnaşyjy gatnaşma hukugyny ýitirýär:

  • Surat goni seredip alynan bolmaly;
  • Gatnaşyji kellesini bir tarapa gyşardyp düşen surat kabul edilmeýär;
  • Adamyň ýüzi suratyň 50% tutmalydyr;
  • Suratyň ýerligi hökman bir-reňk ak ýa-da açyk reňk bolmaly.
  • Ýerligi garamtyl ýa-da bir-reňk bolmadyk surat kabul edilmeýär;
  • Surat fokusirlenen bolmaly;
  • Gara äýnekli surat, ýa-da adamyň ýüzi doly görűnmedik surat kabul edilmeýär;
  • Din sebäpli kellesi örtünjeli surat kabul edip biliner, ýöne adamyň ýüzi doly açyk bolmalydyr.  Harby ýa-da başga sebäpli kellesi örtünjeli surat kabul edilmeýär.

Talap edilýän surat 24-bit reňkli bolmaly. Surat sanly (цифровой/digital) görnüşli fotoapparatda alynan bolmaly, ýa-da kagyz ýüzündäki suraty sanly görnüşli skanerden geçirilip kompýuterde faýl döretmeli. Suraty skanerdan geçirilen bolsa, ol True Color görnüşli, 24-bit reňkli bolmalydyr. DV lotereýasyna tabşyrylýan suratyň hemme şertlerini ýerine ýetirmelidir.

  • Iberilýän sanly (цифровой/digital) surat aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

 Suratyň formaty: “JPEG” formatda bolmaly;

Faýlyň ölçegi:  Faýlyň umumy ölçegi 240 kilobaýtdan uly bolmaly däl;

Suratyň sanly ölçegi: 600 piksel boýy, hem 600 piksel giňligi;

Suratyň reňki: 24-bit reňkli bolmaly (uns beriň, reňkli surat has oňaýly bolar, ýöne ak-gara surat bolsa, skanerden geçirilende 24-bit reňkli görnüşde bolmaly. 8-bit, ýa-da monohrom surat kabul edilmeýär) 

  • Еger-de surat skanerden geçirmäge gabat gelýän bolsa, kompýuterde döredilen faýl aşakda görkezilen şertlere gabat gelmelidir:

Skaneryň şertleri: 150 dots bir düým (dpi)

Faýlyň foramty: “JPEG” formatda bolmaly;

Faýlyň ölçegi: Faýlyň umumy ölçegi 240 kilobaýtdan uly bolmaly däl;

Suratyň sanly ölçegi: 600 piksel boýy, hem 600 piksel giňligi;

Suratyň reňki: 24-bit reňkli bolmaly (8-bit, ýa-da monohrom surat kabul edilmeýär)

ELEKTRON SORAGNAMADA TALAP EDILÝÄN MAGLUMAT.

DV lotereýa gatnaşmagyň diňe bir usuly bar, ol hem şu görkezlen DS 5501 elektron soragnamany doldurmak üsti bilendir.  Elektron soragnama diňe http://www.dvlottery.state.gov/ web-sahypasynda elýeterlidir.  Soragnama doly jogap bermedik adam, öz gatnaşma hukugyny ýitirýär.  Elektron soragnamada aşakdaky görkezlen sowallar berilýär:

  1. DOLY ADY – familiýasy, ady, atasynyň ady.
  2. DOGLAN SENESI – güni, aýy, ýyly.
  3. JYNSY – aýal/erkek.
  4. DOGLAN ŞÄHERI, ÝERI.
  5. DOGLAN ÝURDY – ýurdyň häzirki adyny ýazmaly.
  6. DOGLAN ÝURDY - eger-de gatnaşyjynyň doglan ýurdy lotereýada oýnamak hukugy ýok yurt bolsa, ol öz aýalynyň (äriniň), ýa-da  ýurdyny görkezip biler, eger-de aýalynyň (äriniň) doglan ýurdy lotereýa gatnaşyp bilýän ýurt bolsa.
  7. GATNAŞYJYŇ SURATY – ýokarda berilen görkezmelere serediň.
  8. ÝAŞAÝYŞ ADRESI – kimiň adyna ibermeli, şäher (şäherçe), etrap, velaýat, indeksi,  ýurdy.
  9. GATNAŞYJYNYŇ HÄZIRKI ÝAŞAÝAN ÝURDY.
  10. TELEFON NOMERI (bar bolsa).
  11. ELEKTRON POÇTA ADRESI – hökman bolmaly şertleriň biri. Ýeňiji saýlananlar bu adres arkaly tassyknama IBERILMEZ. Ýöne şu electron adresi siz ýeňiji saýlanan bolsaňyz, Kentukkidaki Konsulluk Merkezi (KCC) bilen soňky aragatnaşykda kömek edip biler.
  12. GATNAŞYJYNYŇ BILIMI – (1) başlangyç, (2) doly däl orta mekdebi, (3) orta bilim, (4) orta ýörite, (5) gutarylmadik ýokary, (6) ýokary, (7) gutarylmadyk bilim derejesi, (8) magistratura, (9) gutarylmadyk doktorlyk derejesi, (10) doktorlyk derejesi.
  13. MAŞGALA ÝAGDAÝY  – öýlenmedik (durmyşa çykmadyk); öýlenen (durmyşa çykan); aýrylyşan; dul; nikada duryp aýratyn ýaşaýarys.
  14. NÄÇE ÇAGAŇYZ BAR – űns beriň! Aşakdaky agzalan adamlaryň doly adyny, doglan senesini, jynsyny hem doglan ýurdyny ýazmaly: gatnaşyjynyň äri (aýaly), 21 ýaşa ýetmedik, hem nikada durmadyk çagalary; özünden bolan,  ýa-da kanun esasynda ogullyga(gyzlyga) alnan çagalary barada maglumat; öweý çagalaryň, gatnaşyjy bilen ýaşamaýandygyna, hem-de hemişelik ýaşamaga bile gitmeýändigine garamazdan hemme soralan maglumaty bermelidir. Soralan maglumat berilmedik ýagdaýynda adam  gatnaşmak hukugyny ýitirýär. Gatnaşyjy 21 ýaşdan uly, hem nikada duran çagalaryny ýazmaly däldir. 
  15. ÄRIŇIZIŇ (AÝALYŇYZYŇ)  – doly ady, doglan senesi, jynsy, doglan ýurdy, suraty.
  16. ÇAGALARYŇYZ – doly ady, doglan senesi, jynsy, doglan ýurdy, suraty.

ÝEŇIJI SAÝLANYŞ USULY

Lotereýanyň ýeňijilerni hemme talaplara laýyk gelýän elektron arzalaryň arasyndan kompýuter arkaly saýlap alynýar.  2013-njy ýylyň 1-nji Maýyndan http://www.dvlottery.state.gov/ web-sahypasynda “entry status check” diyilen ŷerde siziň başda soragnamany tabşyraňyzda berilen belgiňizi boŷunça barlamalydyr. Yeňijilere soňraky görkezmeleri hem-de ABŞ-a immigrasiýa bilen baglanşykly tölegler barada maglumat diňe şol electron sistema arkaly beriler. Soragnamasy ýeňiji saýlanmadyk gatnaşyjylara hiç hili tassyknama IBERILMEZ. Lotereýa barada maglumat electron poçta arkaly IBERILMEZ. ABŞ-nyň ilçihanalary hem konsulluklary «DV-2014» lotereýanyň ýeňijileriniň sanawy iberilmeýär.  Ýeňijiniň äri (aýaly), 21 ýaşa ýetmedik hem nikada durmadyk çagalary imigrasiýa üçin arzany aýratyn doldyryp bilerler. "DV-2014" maksatnama ýeňijilere immigrasiýa wizalary 2013-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 1-den 2014-nji ýylyň Sentýabryň 30 čenli beriler. Immigrasiýa degişli hemme tölegler we başga ýűze çykjak harajatlary gatnaşyjynyň özi tölemelidir.

DV-2014 maksatnama boýunça immigrasiýa wizasyny almak üçin ýeňijiler ABŞ-nyň immigrasiýa kanunyna gabat gelmelidirler.  Şu maksatnama degişli wiza soraglaryň seredilişiň iň soňky möhleti 2014 ýylyň Sentýabr aýynyň 30.  Şol möhletden soň DV-2014 maksatnama boýunça hiç hili soraglara seredilmez.

ÜNS BERIŇ! MÖHÜM MAGLUMAT

"DV-2014" Lotereýasyna gatnaşmak üçin soragnamany tabşyraňyzda hiç hili başlangyç TÖLEG ALYNMAÝAR.  ABŞ-nyň hökümeti DV-2014 maksatnamany geçirmek üçin özge maslahatçylaryň hem-de hususy gulluklaryň hyzmatlaryny ulanmaýar. Hemme arada durýanlara hem lotereýa gatnaşmak üçin elektron arza doldurmak hyzmatyny hödürleýänlere ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan ygtyýar hem razylyk berilenok.  Elektron soragnamany doldyrylanda arada durýanlaryň hyzmatyny peýdalanmak meselesi gatnaşyjyň diňe özüne baglydyr.

Talaba laýyk doldurlan soragnamalar, gatnaşyjynyň özüniň  ýa-da arada durýan  töleg alan  gurama tarapyndan,  bellenen wagtyň içinde iberlen arzalaryň  ýeňiji saýlanmak ähtmallygy deňdir.  Ýöne, gatnaşyjy bir soragnamadan artyk  doldursa, lotereýa soragnamalaryň hasaba alşyna göýberilmeýär.

«DV-2014» lotereýasy boýunça soraglar ýüze çykan bolsa hepdäniň duşenbe, çarşenbe hem-de anna günleri sagat 11:00-dan 13:00 çenli Konsulluk Gullugynyň (993-12) 94-00-49 belgisine jaň edip bilersiňiz.